Türkmenistanda şu ýyl bir çagany mekdebe taýýarlamak üçin zerur zatlaryň çykdajysy ortaça bir aýlyga barabar. Azatlygyň habarçylary mekdep taýýarlyklary bilen bagly problemalar barada ene-atalar we söwdagärler bilen söhbetdeş boldular.
"Lebaply ene-atalar täze okuw ýylynda, mekdepde okaýan çagalaryna okuw esbaplaryny satyn almagyň öňki ýyla seredende 90% çemesi gymmada düşýändigini aýdýarlar. Lebap welaýatynda täze okuw ýylynda bir okuwçy üçin satyn alynýan mekdep esbaplarynyň bahasy, ortaça bir aýlyk hakyna barabar" diýip Türkmenabatdaky habarçymyz aýdýar.
Okuw ýylynyň golaýlaýandygyny şu günler welaýat merkezinde we etraplarda okuw esbaplaryny we egin-eşiklerini satýan söwda nokatlarynyň köpelmeginden duýsa bolýar. Bazarlarda hökümet tarapyndan gurnalan mekdep söwda burçlarynyň birnäçesi işleýär.
Lebap welaýatynyň ýerli habar beriş saýty bolan "Jeyhun.news" Lebapda 600 çemesi mekdep bazarlarynyň we burçlarynyň hereket edýändigini habar berýär.
Emma, bu söwda nokatlarynyň satyjylary söwdanyň örän gowşaklygyndan zeýrenýärler. Ýerli ýaşaýjylar bolsa, ilatyň satyn alyjylyk ukybynyň peselýändigini aýdýarlar.
"Türkmenistanda öndürilen kanselýar harytlarynyň ýanyna barar ýaly däl. Oglum tomusky dynç alyş möwsüminde, bir aýda işläp gazanan pulunyň 70% göterimini okuw esbaplaryna harçlady. Bagtyna daşary ýurt önümlerini satyn aldy” diýip etrap ýaşaýyjysy gürrüň berýär.
Bu aralykda daşary ýurtlardan getirilýän harytlary resmi bolmadyk görnüşde satýan söwdegärleriň alyjylary köp bolýar. Lebaply ýaşaýjylaryň sözlerine görä, Gazagystandan getirilip satylýan okuw esbaplary Türkmenistanda öndürlen harytlardan esli arzan düşýär.
"Şeýle telekeçiler bahasy birneme arzan bolan kanselýar harytlaryny Gazagystandan getirýärler. 12 listli depderler, gündelikler we köp listli umumy depderler ýaly harytlaryň bahasy ýerli kanselýar önümlerinden 25-30% arzan. Şol önümler ýerli okuw esbaplaryny satýanlara konkurensiýa döredýär” diýip, bazar satyjysy gürrüň berýär.
Azatlygyň Lebapdaky habarçysynyň okuw esbaplarynyň bahalaryny öwrenip, beren maglumatyna görä, ýurtda öndürlen 12 sahypalyk depder 2 manada durýan bolsa, Gazagystandan getirilip satylýan depder 1,5 manada durýar, 48 sahypalyk depder degişlilikde 17 we 13 manat, atlas karta 63 we 50 manat, gündelik 32 we 25 manat, A4 kagyz gutusy 200 we 150 manat aralygynda tapawutlanýar.
Lebaplylar okuw esbaplaryny arzanrak bahadan satyn almaga synanyşýan hem bolsalar, çagany okuwa taýýarlamak üçin çykdajylaryň esli bolýandygyny gürrüň berdiler.
Dänew etrabynyň ýaşaýjysy we iki çaganyň ejesi şu ýyl 6-njy synpa barýan gyzyna diňe okuw esbaplaryny satyn almak üçin azyndan 1000 manat harçlandygyny aýdýar: “11 -nji awgustda, bazar güni bolanlygy sebäpli gyzyma depder-ruçka alaýyn diýip, Türkmenabat şäheriniň “Gök” bazaryna gitdim. Bir ýarym sagatdan artyk wagt alýan ýoly geçip, bazara gelenimde, okuw esbaplarynyň bahalaryny görüp ýüregim ýaryldy. Ähli kanselýar harytlary üçin, azyndan müň manat harçladym. Heniz oňa ak fartuk hem almadym, köýnegini tikmek üçin matasyny-da satyn almadym” diýip, ene gürrüň berýär.
Lebaplylar şu ýyl bir çagany okuwa taýýarlamak üçin iň zerur zatlara azyndan ortaça aýlyga barabar iki müň manatdan artyk çykdajy etmeli bolýandygyny aýdýarlar. Resmi kurs boýunça 570 amerikan dollaryna barabar çykdajy etmek köp maşgalalara elýeterli däl.
Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjysy çagalaryň okuwy üçin ilkinji zerurlyklaryň daşyndan, mekdep administrasiýasynyň goşmaça okuw esbaplaryny talap edip, mejbury harajatlary artdyrýandygyny gürrüň berýär.
“Mugallymlar okuwçylara depderleriniň daşyna A4 kagyzdan daş tutdurýarlar. Her bir daş üçin kserokopiýa edilýän ýerlerde ýa-da mekdep mugallymlarynyň özleri azyndan 0,5 manat pul alýarlar. Okuwçylaryň ählisinde bolsa azyndan 20 depder bar" diýip, ene nägile bolýar.
Çagalary mekdebe taýýarlamagyň gymmatçylygy ýurtda ulanylan zatlaryň söwdasy we zerur zatlary karz almak ýaly tejribeleriň ýaýramagyna getirdi. Şeýle-de, okuw esbaplaryny satyn almak üçin dilegçilik edýän çagalaryň sany köpeldi.
Awgustyň başynda Azatlygyň Balkandaky habarçysy Türkmenbaşy şäherinde gapyma-gapy aýlanyp, raýatlardan çagalarynyň köne okuw esbaplaryny we eşiklerini bermegi soraýan ene-atalaryň göz-görtele köpelendigini habar beripdi.
Bu aralykda Türkmenabat şäherinde mugallymlar ene-atalara bu ýyl mekdebe başlajak çagalara okuw esbaplarynyň sowgat berilmejekdigini duýdurypdyr.
Türkmenistanda durmuş ýyl-ýyldan gymmatlaýar, okuw esbaplarynyň we egiň eşikleriň bahasy geçen ýyl bilen deňeşdirilende iki esse çemesi artypdyr.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum