Donetsk oblastynda ýerleşýän Marinka şäheriniň rus goşunlary tarapyndan basyp alnanyndan bir ýyl geçenden soň, Azatlyk Radiosy ýer bilen ýegsan bolan şäheriň suratlaryny çap edýär. Şäherde ýekeje ýaşaýjy hem galmady, deňeşdirmek üçin uruşdan öňki suratlary getirýäris. Russiýanyň Ukraina garşy uly möçberde çozuşlarynyň öň ýany ol ýerde ilatyň sany 5 müň adamdy, 2014-nji ýylda Donbasda uruşlaryň ýaýbaňlanmazyndan ozal 9 müňden gowrakdy. 2001-nji ýyldaky ilat ýazuwynyň maglumatyna görä, ilatyň 81,23%-ni ukrainler düzýärdi. Şäherde birnäçe senagat kärhanalary bardy. Ruslar Krymy anneksiýa edip, Donbasda ilkinji rus agressiýasynyň tolkunlary başlanan soň, kärhanalar kem-kemden ýapylyp başlandy.
Şäher 2014-nji ýyldan bäri Moskwanyň gol astyndaky separatistler tarapyndan, onuň golaýyndaky kömür käni oka tutulyp başlandy. Emma Orsýet Minsk ylalaşygyny bir taraplaýyn ýatyryp, 2022-nji ýylda uly möçberli çozuşlary başlatmak bilen ýerli ýaşaýjylara öýlerinde galmaga we gitmezlige mümkinçilik berdi. Marinkada hatda mekdep işlemegini dowam edipdir, bu ýerde (2018-nji ýylyň maglumatlaryna görä) 166 çaga okaýardy. 2022-nji ýylda rus goşuny Marinkany eýeledi. Emma ukrain goşuny ýene-de öz pozisiýalaryny gaýtaryp almagy başardy. Bu wagtda ruslaryň Marinkany ýaňadan basyp almak synanyşyklary başa barmansoň, şäher rus goşuny tarapyndan agyr hüjümlere sezewar edildi.
Ukrainanyň Prezident edarasynyň başlygy Andriý Ýermak 2023-nji ýylyň martynda, ukrain güýçleriniň yza çekilmegi we şäheriň Russiýanyň basyp almagy barada kommentariýa berip, Marinkanyň indi ýokdugyny aýtdy. Ol Telegramda öň köp gatly jaýlaryň, ybadathananyň, administratiw binalaryň we senagat kärhanalarynyň bolan ýerinde galan harabaçylyklaryň suratyny çap etdi we onuň ýanyndan şu sözleri ýazdy: "Rus dünýäsi". Ol gelmezden öň Marinka ýaşaýardy hem gülläp ösýärdi. Marinka we Ukrainanyň beýleki şäherleriniň bahasy nähili bolar? Bu jenaýat we adam öldürmek üçin edildimi? Harby kazyýet. Sanksiýalaryň bogmagy. Söweş meýdanynda harby heläkçilik. Izolirleme. Rus taryhyna, şol sanda Ikinji Jahan urşuna täzeden adalatly seredilmeli".
Rus basyp alşyndan bir ýyl soň hem adamlar Marinka gaýdyp gelmedi, Russiýa özüniň basyp alan şäherini gaýtadan diklemäge başlaman, ony takdyryň emrine goýdy. Düýbi bilen ýok edilen şäher rus agressiýasynyň Ukrainadaky weýran ediji nyşanyna öwrüldi.