Birleşen Ştatlar Ysraýyla umumy bahasy sekiz milliard dollarlyk ýarag ibermegi meýilleşdirýär. Döwlet departamenti täze taýýarlanylýan yalalaşykdan Kongresi habardar etdi.
Täze bukjada “Hellfire” raketalaryny, bombalary we beýleki artilleriýa ok-därilerini öz içine alar. Olaryň käbiri ABŞ-nyň bar bolan harby ätiýaçlyklaryndan alynsa, beýleki ýaraglar gelýän birnäçe ýylda iberilip bilner.
ABŞ-nyň häzirki prezidenti Jo Baýdeniň administrasiýasynyň bu teklibi entek Kongresiň iki palatasy tarapyndan tassyklanmaly. Bu ýaraglaryň iberiljekdigi Baýdeniň iş başyndan aýrylmagynyň birnäçe gün öňünden yglan edildi.
"Prezident Ysraýylyň öz raýatlaryny halkara hukugyna laýyklykda goramaga, Eýranyň we onuň ýaranlarynyň agressiýasyna gaýtawul bermäge hukugynyň bardygyny aç-açan görkezdi. Biz Ysraýylyň bu ukybyna eýe bolmagyny üpjün etmegi dowam etdireris" diýip, Baýden administrasiýasyna ýakyn çeşme BBC-ä aýtdy.