Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkanda tatuirowkaly raýatlara garşy göreş güýçlendi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Balkan welaýatynyň häkimiýetleri bedenine tatuirowkalary, ýagny hemişelik suratlary çekdiren raýatlara garşy göreşini gaýtadan güýçlendirdi. Polisiýa esasanam uly şäherleriň köçelerinde reýd geçirip, beden agzalarynyň görünýän ýerlerinde tatusy bolan adamlardan ony bir günüň dowamynda aýyrmagy talap edýär.

“Türkmenbaşy şäheriniň polisiýasy erkek ýa aýal tapawudy ýok, hatda garry adamlaryň bedeninde tatuirowkanyň bardygyny anyklasa, olary ýörite ulaga mejbury mündürip, polisiýa bölümine alyp gidýär. Olar raýatlary diňlemeýärler” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 21-nji iýulda sebitden habar berdi.

Polisiýa bölümine eltilen raýatlar tatuny bir günüň dowamynda aýyrjakdygy barada düşündiriş hatyny ýazmaga mejbur edilýärler.

“Polisiýa işgärleri bu çäreleriň ‘ýokardan we dilden berlen görkezme’ esasynda alnyp barylýandygyny aýdýarlar. Raýatlara munuň sebäpleri düşündirilmeýär” diýip, ýagdaýlardan habarly çeşmämiz aýtdy.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada Balkanyň Polisiýa müdirliginden kommentariýa almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 21-nji iýulda yzygiderli eden telefon jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.

Bellesek, häzirki wagtda gözellik salonlarynda tatuirowkany lazer arkaly aýyrtmak hyzmatynyň tölegi, tatunyň kiçi ýa ululygyna görä, 200-500 manat aralygynda üýtgeýär.

Soňky ýyllarda habarçylarymyz endamyna suratlary çekdirýän we dürli ýazgylary ýazdyrýan raýatlaryň köpelýändigini aýdýarlar. Olar ýaşlaryň, hususan-da gyzlaryň budunda, injiginde, bileginde kiçiräk surat çekdirýändigini belleýärler.

Türkmenistanyň häkimiýetleri bedenine tatuirowkalary çekdiren raýatlara, hususan-da aýal-gyzlara garşy göreşini baryp 2019-njy ýylda güýçlendiripdiler. Göreşiň sebäbi barada aç-açan maglumat bermeýän häkimiýetler şonda aýal-gyzlary, esasanam daşary ýurtlarda işläp gelen raýatlary soraga çekipdiler.

Mundan başga-da, ýurtda tatu ussalary hem yzarlandy. Aşgabadyň polisiýasy ussalary gözläp tapmak üçin tatuirowkasy bar bolan adamlary saklap, soraga çekdi. Ussalaryň köpçülikleýin yzarlanmagynyň fonunda, bu hünär bilen meşgullanýan adamlaryň ýurdy terk etmäge mejbur bolan ýagdaýlary hem mälim boldy.

Bu habarlaryň arasynda, ýurduň hökümetçi neşirlerinde tatuirowkalaryň zyýany we ölüm howpy barada maglumatlar peýda boldy.

Bu aralykda, balkanlylaryň ençemesi häkimiýetleriň tatuirowka garşy nobatdaky göreşini “raýatlaryň şahsy durmuş we öz bedenine özüniň hojaýyn bolmak erkinliginiň aç-açan depelenmegi” häsiýetlendirýär.

“Men 1987-nji ýylda Moskwada gulluk eden döwrümde elime bir sany ýazgy ýazdyrypdym. Men häzir şol ýazgyny aýyrtmaga mejbur edildim. Munuň üçin men jenaýatçy ýaly edilip, köçede zor bilen ulaga mündürildim. Bu maňa ruhy zarba boldy. Munuň bilen döwlet halkyny diňe kemsidýär” diýip, 56 ýaşly balkanly ýaşaýjy habarçymyza gürrüň berdi.

Türkmenistanda tatudan başga-da, raýatlaryň beden agzalaryna degişli gadagançylyklaryň ençemesi hereket edýär. Erkeklere sakgal goýbermek, saçyny reňklemek gadagan edilýär. Aýal-gyzlar epilasiýa, botoks, silikon ýaly gözellik hyzmatlarynyň ençemesinden peýdalanmak mümkinçiliginden mahrum bolýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG