Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylarynyň maglumatlaryna görä, Balkan welaýatynda daşary ýurt pasportlary üçin uly nobatlar henizem saklanýar, emma täze pasporty tizräk etdirmek üçin soralýan paranyň mukdary ep-esli azalypdyr.
Daşary ýurt pasportyna ýüz tutmak üçin Balkan welaýatynda häzir 2024-nji ýylyň fewral aýyna ýazgy edilýär. Emma, Azatlygyň Türkmenbaşydaky habarçysynyň sözlerine görä, bu ýerde pasporty para berip, has çalt almak mümkinçiligi saklanýar.
"Okuwa we gazanja gitmek üçin pasport almaga howlugýanlar 4000 manat para berip pasport alyp bilýärler. Türkmenbaşydaky we Balkanabatdaky migrasiýa gulluklarynda bu pula resminamalary dessine kabul edýärler we täze pasporty almak üçin 45 günden gelmelidigini aýdýarlar. Mundan bir aý öň, pasport üçin soralýan paranyň mukdary 20 we 30 müň manat aralygyndady" diýip, ýakyn günlerde pasport üçin dokumentlerini tabşyran ýerli ýaşaýjylaryň ençemesi bilen gürleşen habarçymyz aýtdy.
Bu welaýatda häzir biometriki pasporty para bermezden 9 aýdan gowrak wagt aralygynda taýýarlap bolýar - 8 aýlap nobata, şeýle-de dokumentiň taýýarlanmagy üçin göz öňünde tutulan 45 günlük wagt möhletine garaşmaly.
Uzak wagtlap garaşmak ilat üçin, şol sanda daşary ýurtlaryň okuw jaýlarynda bilim alýan ýa-da okuwa indi girmek isleýän ýaşlar üçin uly kynçylyklary döredýär. Studentler pasport almakdan başga-da, ýurtdan çykmak üçin bank kartoçkasyny we beýleki zerur resminamalary edinmeli. Çeşmelere görä, bu talaplaryň hemmesini ýerine ýetirmek üçin hem para bermeli bolýarlar.
Türkmenistanda pasport edinmekdäki kynçylyklar birnäçe ýyl bäri dowam edýär. Ýagdaý yzygiderli erbetleşýär. Şu ýylyň başyndan bäri tutuş ýurt boýunça, şol sanda Aşgabatda raýatlar biometriki pasport almakda uly kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldular. Ýurduň käbir sebitlerinde biometrik pasportlara garaşmaly wagty ençeme aýa çekdi, käbir ýerlerde pasport üçin dokumentleriň kabul edilmeli togtadyldy.
Geçen aýda Türkmenabatda pasport üçin dokument tabşyrmagyň nobaty dekabr aýyna çenli uzady.
Bu aralykda, habarçylaryň we çeşmeleriň sözlerine görä, para käbirler üçin meseläniň gysga möhletli çözgüdini döredýän bolsa, beýleki tarapdan köpçülik üçin pasport edinmek mümkinçiligini yza çekdirýär. Pasport almakdaky korrupsiýa uzyn nobatlaryň döremegine sebäp bolýar.
Biometriki pasport, Türkmenistanyň raýatyna ýurtdan çykyp, yzyna dolanmaga mümkinçilik berýän dokumentdir. Şol bir wagtyň özünde, pasport edinmek raýatlaryň ýurtdan päsgelçiliksiz çykmagyny kepillendirmeýär. Raýatlaryň düşündiriş berilmezden, uçara goýberilmezligi bilen bagly köpsanly ýagdaý ýüze çykypdy. Käbirler migrasiýa işgärlerine para berip, ýurtdan çykmagy başarýarlar.
Türkmenistan raýatlaryna diňe ýurtda pasport almaga mümkinçilik berýär. Beýleki döwletleriň köpüsinden tapawutlylykda daşary ýurtlardaky türkmen diplomatik wekilhanalary öz raýatlaryny pasport bermek hyzmatlary bilen üpjün etmeýär.
Soňky ýylyň dowamynda Türkmenistanda täze pasport almak isleýänleriň arasynda daşary ýurtlarda, şol sanda Türkiýede bolan we pasportlarynyň möhleti gutaran soň watanyna gaýdyp gelen raýatlar köp.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum