Hazar deňziniň kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda döwlet eýeçiligindäki taksi kärhanasynyň “Hyundai Elantra” kysymly ulagy ýol heläkçiligine uçrady. 12-nji iýulda bolan ýol hadysasynda dört adam heläk boldy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 15-nji iýulda sebitden maglumat berdi.
“Taksi sürüjisi 110 kilometr çemesi tizlik bilen gelip, “Kamaz Kran” kysymly ýük ulagynyň aşagyna girýär. Wakada ulagdaky dört ýolagçynyň üçüsi we taksi sürüjisi wepat boldy” diýip, habarçymyz aýtdy.
Habarçymyz bilen anonim şertde gürrüňdeş bolan Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň bir işgäri ýol hadysasyna iki ýagdaýyň sebäp bolandygyny aýdýar.
Onuň tassyklamagyna görä, bularyň biri iki taksi sürüjisiniň ulaglaryny ýaryşdyrmagy, beýlekisi bu ulaglardan biriniň aşa köne bolup, tormozyndaky näsazlyk bilen baglanyşykly.
“Wakanyň bolan wagty döwlet eýeçiligindäki taksi kärhanasynyň “Hyundai Elantra” we “Toyota Corolla” kysymly ulaglarynyň sürüjileri ulaglaryny ýaryşdyryp sürüpdirler. Şonda 18 ýyl bäri taksi parkynda hyzmat edip gelen “Hyundai Elantranyň” sürüjisi ulagy saklap bilmän, ýokary tizlik bilen kranyň aşagyna giripdir. Onuň bilen ýaryşan, 2017-nji ýylda zawoddan çykan “Toyota Corolla” kysymly ulag öňünde duran kran ulagyna 30 metr ýetmän durmagy başarypdyr” diýip, polisiýa işgäri aýtdy.
Ol wakadan soňky derňewlerde “Hyundai Elantra” kysymly ulagyň tormoz ulgamynyň hatardan çykandygynyň anyklanandygyny hem belledi.
“Sary reňkdäki bu ulaglaryň taksi hyzmatlary üçin köçä çykarylmagy döwlet tarapyndan gadagan edilen eken. Ýöne ýerli häkimiýetler bu taksileri, hususan-da, tomusky dynç alyş möwsüminde öz bähbitleri üçin ulanyp, goşmaça gazanç edip gelipdirler” diýip, polisiýa işgäri aýtdy.
Bellesek, Awazada iýun aýynyň başynda dynç alyş möwsümi yglan edilýär. Bu ýerde dört we bäş ýyldyzly myhmanhanalaryň onlarçasy ýerleşýär we bularyň müňlerçe syýahatça hyzmat etmäge ukyplydygy aýdylýar. Syýahatçylyk möwsümi adatça sentýabr aýyna çenli dowam edýär.
Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada degişli türkmen häkimiýetlerinden, şol sanda ýerli polisiýa bölüminden we döwlet taksi kärhanasyndan teswir alyp bilmedi.
Ýöne habarçymyz wakanyň yzysüre, 2008-nji ýyldan bäri hereket edip gelýän “Hyundai Elantra” kysymly ulaglaryň Awazanyň içine girmeginiň gadagan edilendigini aýdýar.
Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi ýurduň çäginde hasaba alynýan ulag hadysalary we olaryň ýol açýan netijeleri barada hasabat bermeýär. Ministrligiň garamagyndaky edaralar hem, ýol-ulag hadysalary boýunça statistiki maglumatlary çap etmeýärler.
Berk döwlet gözegçiligindäki resmi media hem, ýurtda adam pidalaryna getirýän ulag heläkçilikleri barada asla maglumat bermeýär. Ýöne Azatlyk we garaşsyz neşirler ýurtda bolýan ýol-ulag hadysalary barada yzygiderli habar berýärler.
Şu ýylyň ilkinji alty aýynyň dowamynda diňe Azatlygyň habar beren aýrybaşga ýedi ýol hadysasynda azyndan 32 adam heläk boldy, başga-da onlarça adam ýaralandy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum