26-njy maýda Daşoguz welaýatynyň gaz üpjünçilik edaralarynyň işgärlerini sebitiň iri ýadygärlikler toplumlaryna zyýarata alyp barýan bir minibus we “Toyota Sienna” kysymly mikrobus Daşoguz – Köneürgenç gara ýolunyň ugrunda, Boldumsaz etrabynyň Aşgabat daýhan birleşiginiň golaýynda, ýol heläkçiligine uçrady. Köçe-ýol hadysasynda 15 adam heläk boldy, birnäçe adam ýaralandy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 4-nji iýunda maglumat berdi.
Daşoguz şäherinden we Şabat etrabyndan bolan energetika pudagynyň işgärleri Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň çäginde ýerleşýän Ybraýym Edhem ýadygärligine we ilat arasynda “Üç ýüz altmyş erenler” ady bilen tanalýan Nejmeddin Kübra ýadygärlikler toplumyna zyýarata barýan ekeni.
Daşoguz – Köneürgenç gara ýolunyň ugry bilen ulag kerweniniň başyny çekip barýan minibus Boldumsaz şäheriniň merkezinden 15 km çemesi demirgazyk-günbatarda ýerleşýän Aşgabat daýhan birleşiginiň deňinde dolandyryşy ýitirýär we ýoldan sag tarapa çykyp, dört gezek togalanýar.
“Minibusdaky 15 adamdan, gynansak-da, ýekeje adam hem aman galmandyr. Ýöne, ulaga 16-njy bolup, iň soňunda münüp ýetişen bäş ýaşly bir çaga heläkçilikden halas boldy. Ol ulag togalanyp başlanda, gapdal penjireden ýere gaçypdyr. Çagajygyň burny hem ganamandyr, ýöne gorkupdyr” diýip, wakanyň şaýatlary Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Işgärler kollektiwiniň “Toyota Sienna” kysymly awtoulaga münen, esasan zenanlardan ybarat ikinji topary hem ýol hadysasyna uçrady. Minibusyň yzyndan gelýän bu ulag hem, aljyraňňylygyň arasynda, birden çepe sowulýar.
“Sekiz adamlyk ulagdaky aýal-gyzlar agyr şikeslenmeler bilen hassahanalara ýerleşdirildi” diýip, wakanyň şaýatlary aýdýar.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy bu sebitde soňky wagtlarda zyýarathana ýolunda awtoulag heläkçilikleriniň has köp hasaba alnyp başlanandygyny habar berýär.
Demirgazyk Türkmenistanda möhüm zyýarathanalar, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasyna girizilen ýadygärlik toplumlary ýerleşýär.
Bu sebitde aprel aýynda "Aşyk Aýdyň pir” ýadygärlikler toplumyna barýan 12 adamlyk bir minibus hem ýol heläkçiligine uçrapdyr.
Ýerli ýaşaýjylar sebitdäki çukanakly ýollaryň adam ýitgilerine getirýän ýol-ulag hadysalaryna sebäp bolýandygyny aýdýarlar.
“Ýollar erbet. Welaýatyň içindäki ýollar dagady, soňky iki ýyl bäri Daşoguz – Köneürgenç gara ýolunyň ugrundaky çukurlar asla ýamalmaýar” diýip, bir ýerli ýaşaýjy aýdýar.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri ýakyn wagtda Köneürgenç şäheriniň golaýynda 600 maşgala niýetlenen täze bir häzirki zaman obasynyň açylmagyna garaşylýandygyny aýdýarlar. Açylyş dabarasyna hökümet başlygynyň belli-belli orunbasarlarynyň we ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagyna garaşylýar, ýöne ýerli ýaşaýjylar, şeýle dabaralaryň öňüsyrasynda adat bolan ýollary abatlamak işleriniň iri magistralda heniz hem geçirilmeýändigini aýdýarlar.
“Täze şäherçäniň açylyş dabarasyna prezident gatnaşmaýar, ýöne muňa belli ministrlikleriň ýolbaşçylary, wise-premýerler gatnaşsa-da, Daşoguz – Köneürgenç awtomagistraly abatlanmaýar. Häzir ähli üns prezidentiň baryp görmegine we dabaraly açmagyna garaşylýan Görogly gara ýoluna gönükdirilýär” diýip, guramaçylyk işlerinden habarly çeşmeler Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Mälim bolşy ýaly, biraz öň Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri prezident Serdar Berdimuhamedowyň iýun aýynyň dowamynda demirgazyk sebite sapar etmegine garaşylýandygyny habar berdiler.
Ýurduň beýleki sebitlerinden hem ýol-ulag hadysalary barada habarlar gelip gowuşýar.
Azatlyk Radiosynyň ikinji habarçysy 3-nji iýunda Aşgabat şäheriniň Atamyrat Nyýazow şaýolunyň ugrunda bolan ulag hadysasynda bir adamyň heläk bolandygyny habar berdi.
“Biperwaý bolmadyk adamlaryň beren ilkinji kömegine garamazdan, ýol hadysasynda agyr şikes alan adamy halas etmek başartmady” diýip, bir ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Bu aralykda, turkmen.news neşiri maý aýynyň ikinji ýarymynda Aşgabat – Türkmenabat awtomagistralynyň ugrunda iki ýeňil awtoulagyň pete-pet çakyşmagy netijesinde ýedi adamyň heläk bolandygyny habar berýär. Neşir özüniň Telegram sahypasynda ulag hadysasynyň bolan ýerinde düşürilen wideo şekilleri çap etdi. Bu hadysa köne awtomagistralda bolup geçipdir.
Ýaramaz ýollar ýygjamlaşýan ýol hadysalaryna esasy sebäp hökmünde görkezilýär. Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy bilen gürrüňdeş bolan ýerli synçylar Içeri işler ministrliginiň ýol gözegçiligi gullugy tarapyndan sürüjilik şahadatnamalarynyň paýlanylmagynda ýol berilýän düzgün bozmalary, parahorlygy ulag hadysalarynyň sebäpleriniň hatarynda agzaýarlar.
“500-600 dollar möçberinde para berip, synagdan geçdi edilip, okady sertifikat bu tölegiň daşyndan, sürüjilik şahadatnamasyny alyp bolýan mahaly, ýollarda ulag hadysalary bolup geçýär” diýip, bir ýerli ýaşaýjy sürüjilik şahadatnamalarynyň paýlanylmagynda ýol berilýän düzgün bozmalara ünsi çekdi.
Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi ýol-ulag hadysalary barada hasabat bermeýär. Döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýurtda bolup geçýän ýol heläkçiliklerini agzamaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum