Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda sadaka soraýan garrylar we ýaş çagaly eneler köpelýär


Iki çagasy bilen köçede oturan ene (Illýustrasiýa suraty)
Iki çagasy bilen köçede oturan ene (Illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň jemgyýetiň esasan hem gowşak we garry gatlagyna ýetirýän täsirleri ilat arasynda barha köp duýulýar. Muňa Aşgabatda dilegçilik edýän we sadaka soraýan garrylaryň we ýaş çagaly eneleriň barha köpelmegi şaýatlyk edýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 27-nji fewralda paýtagtdan maglumat berdi.

“60-70 ýaşlaryndaky garrylar we 30-40 ýaşlaryndaky eneler esasan söwda merkezlerinde, bazarlarda aýlanýarlar we ellerini serip, adamlardan sadaka soraýarlar. Olar ýaşaýyş jaýlaryna hem aýlanyp, gapyny kakyp, hojalyklardan “Alla haky üçin hudaýoluňyz bolsa beräýiň” diýip soraýarlar. Garrylary we gujagynda ýaş çagasyny göterip ýören bu aýallary göreniňde juda haýpyň gelýär” diýip, aşgabatly ýaşaýjy anonim şertde şaýat bolýan ýagdaýlaryny gürrüň berdi.

Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan bu raýatlaryň ençemesi hojalyklarynda hiç kimiň kadaly işde işlemeýändigini, diňe käbiriniň günlükçi işlerde zähmet çekýändigini gürrüň berdi.

Olar bu işlerden gelýän ujypsyz girdejiniň we alýan pensiýasynyň ýa-da döwlet kömek pulunyň güzeran eklemäge ýetmeýändigini hem aýtdylar.

“Alýan döwlet kömek pulumyz we pensiýamyz 500-600 manatdan geçmeýär. Häzir ýerli unuň bir haltasy 300-350 manat, gazak uny 550-650 manat bahalanýar. Onsoň bu pula nädip güzeran eklejek?! Hojalygymyzda hiç kimiň işlemeýändigine garamazdan, bir teňňe girdejisi bolmasa-da, bular nähili ýollar bilen gününi dolandyrýarlar diýip soraýan ýekeje-de döwlet guramasy ýok. Döwlet tarapyndan işsiz raýatlara sosial kömek puly hem tölenmeýär. Onsoň biz bu ykdysady tümlükden özümiz baş alyp çykmaly bolýarys” diýip, ýaş çagaly ene anonim şertde gürrüň berdi.

Türkmenistanda 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp we diňleýji haklary 10% köpeldildi. Pensiýanyň iň pes möçberini kesgitlemek üçin binýatlyk ululygy 500 manat, döwlet kömek pullaryny hasaplamak üçin binýatlyk ululygy 470 manat möçberde bellenildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow munuň halkyň hal-ýagdaýyny, ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak maksadyndan ugur alýandygyny aýtdy.

Emma ýaşaýjylar bu çäräniň halkyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagyna hiç hili täsir ýetirmeýändigini, sebäbi 10% goşundynyň ýyl-ýyldan gymmatlaýan durmuş we harytlar bilen bäsleşmekden ejiz gelýändigini aýdyp gelýärler.

Indi alty ýyldan gowrak wagt bäri ykdysady kynçylyklary başdan geçirýän Türkmenistanda ilat giň ýaýran işsizlik, hyzmatlaryň we harytlaryň yzygiderli gymmatlamagy bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Bu faktorlaryň arasynda, güzeran eklenji barha agyrlaşyp, garyplyk bilen ýüzbe-ýüz bolýan hojalyklaryň, şeýle-de dilegçilik etmäge, zibil dörmäge mejbur bolýan raýatlaryň köpelýändigini synlasa bolýar.

Soňky ýyllarda, hususan-da, tomus we gyş aýlarynda gazanç etmäge, dürli işlerde işlemäge, plastik gaplary ýygnamaga ýa-da dilegçilik etmäge mejbur bolýan çagalar hem köpelýär.

Türkmen häkimiýetleri ykdysady kynçylyklary we onuň getiren netijelerini, hususan-da, ilatyň gowşak we garry gatlagyna, çagalara ýetirýän täsirlerini boýun alyp, aç-açan mesele gozgamaýarlar. Häkimiýetler ýurtdaky işsizleriň we döwletiň maddy kömegine mätäç raýatlaryň anyk sanyny hem äşgär etmeýärler.

Muňa derek, häkimiýetler dilegçileriň we zibil dörýänleriň “prezidentiň we ýurduň abraýyna kölege salýandygyny” aýdyp, olara garşy wagtal-wagtal reýd geçirýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizli

Forum

XS
SM
MD
LG