Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň sement kyssasy 'özüňi aldamagyň özboluşly nusgasyna' öwrülýär


"Türkmenistan Altyn Asyr" saýtyndan alnan fotosurat
"Türkmenistan Altyn Asyr" saýtyndan alnan fotosurat

Türkmenistanda gurulýan täze binalaryň ilat üçin howpsuzlygynda esasy rol oýnaýan gurluşyk harytlarynyň biri bolan sementiň hili barada edilmeli çynlakaý aladalar ýene bir gezek 'uludan tutulan aýdym-sazly, alkyşly dabaranyň aşagynda galdy, sement kyssasy özüňi aldamagyň özboluşly nusgasyna öwrüldi' diýip, ýerli hünärmen Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy. Türkmen metbugaty täze zawodyň açylyşyna bagyşlanan uly dabara prezident Serdar Berdimuhamedowyň hem gatnaşandygyny habar berýär.

Köýtendagdaky zawodyň birinji tapgyry 2013-nji ýylyň fewral aýynda açyldy we onuň täze iş orunlaryny döretmekde, gurluşyklary ýokary hilli sement bilen üpjün etmekde, daşary ýurtlara satylýan gurluşyk harytlarynyň möçberini artdyrmakda uly ähmiýetiniň bolandygy aýdylýar. Emma çeşmeler täze zawodyň täze iş orunlaryny açmaýandygyny, onuň köne zawodyň işgärleriniň hasabyna işlediljekdigini aýdýarlar.

TDH-nyň anyklaşdyrman ýazmagyna görä, “Türkmen Enjam” hojalyk jemgyýeti tarapyndan, “Lebap” sement zawodynyň birinji tapgyrynyň golaýynda gurlan täze zawodda “dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ýokary hil ölçeglerine laýyk gelýän enjamlary ornaşdyryldy”.

Şeýle-de, önümçilik işinde bölünip çykýan zyýanly galyndylaryň möçberiniň “rugsat edilýän derejeden hem ep-esli azdygy, howa goýberilýän tozanlary toplamak we arassalamak üçin kuwwatly süzgüç ulgamlarynyň ulanylýandygy” habar berilýär.

Emma zawodyň döwlet gaznasyna düşen bahasy, onda döredilen täze iş orunlarynyň sany, işçileriň aljak aýlyklary barada hiç zat aýdylmaýar.

Döwlet eýeçiligindäki metbugatyň bir taraply tassyklamalaryndan tapawutlylykda, sosial media syzyp çykýan maglumatlar “Lebap” sement zawodynyň birinji tapgyrynyň we onuň golaýynda gurlan ikinji tapgyrynyň golaýdaky obalaryň ýaşaýjylarynda uly ekologiýa aladalaryny döredýändigini yşarat edýär.

Şunuň bilen baglylykda, Azatlygyň ýerli habarçysy bu zawodyň birinji tapgyrynyň iş, önümçilik ýagdaýy bilen gyzyklandy.

“2013-nji ýylda açylan sement zawody şu güne çenli gije-gündiz isläp, gaty köneldi... Has anygy, ol zordan diýen ýaly işleýär. Her aýda bir guraly döwülýär, bir stanogy hatardan çykýar, netijede zawodyň işini saklamaly bolýar” diýip, Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen ýerli hünärmen aýtdy.

Onuň sözlerine görä, mundan iki ýyl öň bu zawodyň uly daşlary owradýan we üweýän uly enjamy hatardan çykyp, önümçiligiň alty aý çemesi togtadylmagyna sebäp boldy.

“Şonda sement bahalary tas üç esse gymmatlady, haltasy 100 manada ýetdi. Häzir 40 kilogramlyk halta elde gapgarylan sementiň bahasy 28-30 manat, upakowka diýilýän kagyz haltaly sement hiç ýerde satuwda ýok, sebäbi zawoda upakowka goýbermek ne wygodna” diýip, hünärmen aýtdy.

Şeýlelikde, sement ýörite ulaglarda gerek ýerlerine, Türkmenabadyň gurluşyk harytlaryny satýan dükanlaryna iberilýär we dükan eýeleri ony 40 kilogramlyk haltajyklara gapgaryp, ilata satýar.

Bu zawodyň ikinji tapgyrynyň gurluşygynaa 2020-nji ýylyň tomsunda badalga berildi. Täze kärhana, ýerli çeşmäniň tassyklamagyna görä, 2021-nji ýylda ulanmaga berilmelidi. Emma onuň gurluşygy, pandemiýa wagtynda ýoly baglanan daşary ýurt hünärmenleri, getirilmeli enjamlaryň getirilip bilinmändigi sebäpli, gijä galdy.

Habarda zawodyň ýerli firma tarapyndan gurlandygy aýdylýar, emma çeşmeler onuň gurluşyk işleriniň esasan türk inženerleri tarapyndan amala aşyrylandygyny, elektrik enjamlarynyň ählisiniň daşary ýurt hünärmenleriniň elinden geçendigini aýdýarlar.

“Türkmen gurluşykçylary esasan zawodyň daşky haýatlaryny gurmak, töwerek-daşyny abadanlaşdyrmak, bag, gök ot ekmek işleri bilen meşgullandy” diýip, Azatlygyň bir söhbetdeşi aýtdy.

TDH-nyň maglumatyna görä, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň buýurmasy esasynda gurlan täze zawodyň gurluşygynda 650-den gowrak hünärmen işledi.

Resmi habarda zawodyň gurluşygynyň gijikdirilmeginiň mümkin bolan sebäpleri barada hiç bir zat aýdylmaýar. Anonimlik şertinde gürleşen ýerli çeşmäniň maglumatyna görä, zawodyň gurluşygynyň gijikmegi maliýe üpjünçiligi, has anygy, döwletiň oňa ýeterlik serişde goýbermezligi, saklanyp galýan konwertasiýa kynçylyklary bilen bagly boldy.

“Pul bolmansoň, zawody gurýan firma daşary ýurtlardan satyn alynmaly enjamlary satyn almakda uly kynçylyk çekdi” diýip, çeşme onuň gurluşygynyň iki ýyl giç soňlanmagynyň esasy sebäbiniň ýurtda dowam edýän maliýe, konwertasiýa meseleleri bilen bagly bolandygyny öňe sürdi.

Täze zawoda alnan işçileriň sany, hünär derejesi barada türkmen metbugaty hiç bir anyk zat aýtmaýar. Şol bir wagtda, Azatlygyň çeşmesi häzir täze açylan zawoda hiç bir täze hünärmeniň ýa işçiniň işe alynmandygyny habar berdi.

“Täze zawoda köne zawodda işleýän hünärmenler we işçileri işe geçiriler, sebäbi köne zawodyň işi indi kapitalnyý remont (düýpli bejeriş -red) üçin togtadylýar. Bu bejerişiň iki ýyllap dowam etmegine garaşylýar we, aýdylmagyna görä, bejeriş işleriniň harajady täze zawodyň öndürjek sementiniň hasabyna tölenmeli” diýip, Azatlygyň ýagdaýdan habarly söhbetdeşi gürrüň berdi.

Türkmen metbugatynyň 13-nji martdaky habarlarynda tassyklanylmagyna görä, şol wagtky prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 2013-nji ýylyň fewralynda açylan "Lebap" sement zawody diňe bir sebitiň däl, eýsem, tutuş ýurduň "durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegine goşant goşýar".

Azatlygyň sement habarlary we hil meselesi baradaky soragyna telefonda gysgaça jogap beren synçy Nurmuhammet Hanamow Türkmenistandaky ýagdaýy gysgaça ‘boş öwünjeňlik’ diýip atlandyrdy.

“Sementiň hili pes bolsa, ertesi gurluşygyň hem hili pes bolar. ...öwünmekden preýda bolmaz. Öwnüp, hiç kimi aldamaýarsyň, öwnüp, diňe özüňi aldýarsyň. Bu özüňi aldamakdan başga hiç zat däl” diýip ozalky suw gurluşyk hünärmeni aýtdy.

Hanamowyň we beýleki birnäçe synçynyň pikiriçe, Türkmenistan köp meselede özüni aldaýar.

"Sement meselesindäki ‘öwünjeňligiň soň agyr netijlere getirmegi mümkin" diýip, Hanamow Türkiýede bolan ýer titremelerinden soň Türkmenistanda we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynda täze gurulýan binalaryň ilat üçin howpsuzlygy barada edilýän aladalaryň has ýokarlanmagyna garaşandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

Azatlygyň ozal hem habar berşi ýaly, Türkiýede we Siriýada bolan heläkçilikli ýer titremelerinden soň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hünärmenleri soňky ýyllarda gurulýan binalaryň hili boýunça 'gyssagly barlaglaryň geçirilmelidigini" aýtdylar, emma gurluşyk we gurluşyk harytlary bilen bagly geleňsizlik, giň ýaýrandygy aýdylýan korrupsiýa saklanyp galjaga meňzeýär diýip, synçylar aýdýar.

Maglumat üçin aýdylsa, Azatlygyň habarçylary 2017-nji ýylyň ýanwarynda Aşgabadyň täze, 2 millaird dollardan gowrak serişdä gurlan we ýylda 17 million ýolagça hyzmat etjek howa menziliniň binalarynda, gurluşygyň hili bilen baglylykda, näsazlygyň ýüze çykandygyny habar berdiler.

Şondan biraz soň, aprel aýynda bolsa, esasy wezipesiniň gapdalyndan Lebap welaýatyna hem gözegçilik eden wise-premýer Batyr Ereşowyň öz janyna kast edendigi barada resmi taýdan tassyklanmadyk habarlar ýaýrady.

Azatlyk Radiosynyň türkmen hökümetindäki çeşmesiniň maglumatyna görä, wise-premýeriň gümürtik ýagdaýdaky ölümi Lebabyň sement zawodynda geçirilen barlag, ol ýerde boldy diýilýän parahorlygyň üstüniň açylmagy, Ereşowyň oglunyň tussag edilmegi, özüniň hem tutulmak ähtimallygy bilen bagly bolupdyr. Emma resmi Aşgabat bu aýdylýanlary ne tassyklady, ne-de ret etdi.

Resmi maglumatlara dolanyp gelsek, täze zawodda dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň kämil enjamlary ornaşdyryldy.

Täze kärhana 38 sany binadan we desgadan ybarat bolup, onda dünýä standartlaryna doly laýyk gelýän, şol sanda sulfata (duza) durnukly ýokary hilli sement önümleriniň ýylda 1 million tonnasyny öndürmäge mümkinçilik bermeli. Şeýle-de, Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynda 250-ä golaý işgäriň zähmet çekmegi üçin ähli zerur önümçilik we durmuş şertleriniň döredilendigi aýdylýar. Habarda zawodyň birinji tapgyrynda işleýän işçilerden başga, täze işe alnan işgärler barada hiç zat aýdylmazlygy Azatlygyň söhbetdeşiniň aýdan pikirini edil göni bolmasa-da, gytaklaýyn, belli bir derejede tassyk edýär. Eýsem, täze zawod açylyp, işe başlan bolsa, näme üçin onda açylan täze iş orunlary barada açyk aýtmaly däl?

Döwlet eýeçiligindäki metbugatyň tassyklamagyna görä, garaşsyzlyk ýyllarynda gurlan Bäherden, Balkan we Lebap sement zawodlarynda täze innowasion tehnologiýalar esasynda dünýä standartlaryna doly laýyk gelýän ýokary hilli önümler öndürilýär. Emma bu beýanat hem, Azatlyk bilen gürleşen hünärmenleriň, ýaşaýjylaryň aýdýan zatlaryna ters gelýär.

“Lebap welaýatynyň önümçilik kärhanalaryna, demir-beton zawodlaryna, gurluşyk harytlary dükanlaryna Köýtendagdaky “lebap” sement zawodynyň öndüren sementleri getirilip satylýar. Sementleri ýörite sement daşaýan ulaglar arkaly getirýärler. Bu awtoulaglar sementi Mary welaýatyna hem daşaýarlar. Men Türkmenabat-Mary ýolunda sement daşaýan maşynlary köp görýärin. Olaryň döwlet belgileri AH diýlip başlanýar” diýip, anonimlik şertinde gürleşen hünärmen Azatlygyň habarçysyna aýtdy.

Onuň sözlerine görä, sement daşaýan ulaglaryň arasynda Mary ýa-da Lebap sebitine degişli döwlet belgileri dakylan maşynlar göze ilmeýär, ýöne “Ahalski nomerde”, hususy firmalara degişli ýaşyl nomerli ulaglary hem görse bolýar.

Hünärmeniň tassyklamagyna görä, lebaply telekeçiler ýörite awtoulagly sement zawodyna baryp, dükanlara paýlamak üçin sement aljak bolsalar, köp garaşmaly bolýarlar.

“Bir hepde garaşyp, sement alyp bilmän gaýdan awtoulaglar hem bar, emma ahalkski firmanyň awtosementewozlary hiç hili päsgelçiliksiz sement alyp gaýdýar” diýip, ol aýtdy.

Mundan başga, hünärmeniň tassyklamagyna görä, bu ýerde öndürilýän sementiň hili gowy däl.

“Türkmenabatda howly jaýlary, ýanýollar üçin nagyşly plita ýasaýan hususy firmalar bar. Emma ol plitalar üçin ýerli sementi ulanyp bolmaýar. Firma hünärmenleri “diňe Eýrandan import edilen sementi ulanýarys, öz sementimizden plita ýasasak, dessine döwlüp başlaýar” diýýärler. Ýerli sementiň hili pes. 500 markaly sement önümçilik üçin iň gowy sement hasaplanýar. Ýerli sement, aýtmaklaryna görä, 300 marka hem ýetmeýär” diýip, hünärmen aýtdy.

Şeýle-de, hünärmen ýerli sementiň ýörite awtoulaglarda getirilip, haltajyklara gapgarylyp, çekilip satylýandygy barada aýdylanlary tassyk etdi.

Mundan başga, açyk-aýdyňlyk talaplarynyň ýerine ýetirilmezligi, dowamly döreýän ýetmezçilikler, baha, nyrh meseleleri bilen baglylykda, Türkmenabadyň birnäçe ýerinde semente çäge garylyp satylan halatlarynyň hem bolandygy habar berilýär.

“Men ýalňyşyp, bir gün şol çägeli sementden satyn alypdyryn. Maryda kafel goýmak üçin ulanylýan kaleýkum çykarýan ýerli firma bar. Şol kaleýkum zawodynda lebap sementi hem ulanylýar. Şol sebäpden, mary kaleýkumy arzan bolsa-da, köp alyjy ony almaýar, sebäbi kafeli gowy tutmaýar” diýip, Azatlygyň başga bir söhbetdeşi öz tejribesini paýlaşdy.

Aýry-aýrylykda gürleşilen ýaşaýjylaryň tassyklamagyna görä, Türkmenabatdaky demir-beton zawodlarynyň, jemi dört zawodyň sebitde gurulýan gurluşyklar üçin öndürýän beton plitalary ýerli sementiň ulanylmagynda öndürilýär.

“Jaýlaryň gurluşygy doly tamamlanandan soň, onuň daş-töweregine Maryda öndürilen kaleýkumy çalyp çykýarlar... bu kaleýkumyň hiliniň pesdigini gowy bilýärler. Emma ol Türkiýeden ýa Eýrandan import edilen kaleýkumdan has arzan. Mesele şu ýerde. 3-4 ýyldan bu kaleýkum düşüp başlaýar. Soň ýene çykdajy edip, jaýyň daş-töweregini täzeden abadanlaşdyrmaly bolýar” diýip, Azatlygyň gurluşyk işlerine ýakyn çeşmesi aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Türkmenistandaky gurluşyklarda hil meselesi, hususan-da ýerli önümler bilen bagly hil meselesi örän çynlakaý mesele bolup, muny çözmek üçin ozaly açyklyk zerur. Emma bu açyklyk, öwünjeňlik syýasaty dowam etse, mümkin däl.

TDH-nyň ýazmagyna görä, “Lebap” sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň gurluşyk taslamasynyň çäklerinde “Thyssenkrupp” kompaniýasy tarapyndan getirilen enjamlar we ýerine ýetirilen inženerçilik işleri Germaniýanyň senagat standartlaryna — DIN ülňülerine, sement senagatynyň standartlary hem IEC we ISO standartlaryna doly laýyk gelýär.

Emma ýerli hünärmen türkmen metbugatynyň bu hili habarlary öňem kän berendigini, emma ýurtdaky gurluşyklaryň hil meselesiniň gowy däldigini diňe hünärmenleriň däl, ýaşaýjylaryň hem aglaba köplüginiň bilýändigini, ýöne adamlaryň abadançylygy, jan saglygy bilen bagly hil meseseleleriniň korrupsiýa gurban edilýändigini öňe sürýär.

Şu aralykda, “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň owgan habar gullugyna salgylanyp ýazmagyna görä, Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystandan 100 müň kub metr mermer satyn almagyň ugruna çykdy. Bu habary golaýda Türkmenistanda saparda bolan owgan resmisi Nuriddin Azizi “Tolo News” saýtyna aýdypdyr.

Owganystanyň önüm öndürijileriniň Aşgabatda guralan sergisine gatnaşan owgan işewürleriniň tassyklamagyna görä, türkmen paýtagtynda guralan sergiler netijesinde birnäçe şertnama, şol sanda 50 müň tonna demir söwdasy baradaky ylalaşyga gol çekildi.

Türkmenistan birnäçe ýyl mundan öň öz öňünde ýurt içindäki gurluşyklary ýokary hili gurluşyk harytlary bilen üpjün etmek, importyň ornuny tutýan önümleri köp öndürmek, eksporty köpeltmek wezipesini goýdy.

“Ýöne bu wezipe, ýurt üçin örän gymmat düşýändigi we beýle uly zerurlygynyň ýokdugy aýdylýan mermer importynyň azaldylmagyna täsir ýetirmejege meňzeýär” diýip, N. Hanamow aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG