Ak tamyň milli howpsuzlyk geňeşçisi Jeýk Saliwan žurnalistler üçin geçirilen metbugat ýygnagynda ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet baştutanlary bilen boljak duşuşygy barada gürrüň etdi.
"Bu ilkinji gezek geçirilýän prezident sammiti bolup, ýolbaşçylara sebit howpsuzlygyndan söwda we aragatnaşyga, howanyň üýtgemegine, dolandyryşy we kanunyň hökmürowanlygyny gowulandyrmaga gönükdirilen özgertmelere çenli aralykda bir topar meseläni ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berer" diýip, Salliwan aýtdy.
Ak tamyň geňeşçisi žurnalistleriň soraglaryna jogap berip, "sammitiň haýsydyr bir ýurda garşy gönükdirilen duşuşyk däldigini” hem sözüne goşdy.
Onuň sözlerine görä, bu duşuşyk netijesinde möhüm bolan ugurlarda mundan beýläk edilmeli hyzmatdaşlyk barada bilelikdäki beýannamanyň kabul edilmegine garaşylýar.
ABŞ-nyň prezidentiniň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda guralýan sammit Nýu-Ýorkda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisiniň açylýan günlerinde geçiriler.
Ozal bu görnüşdäki duşuşyklar ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň gatnaşmagynda, Merkezi Aziýa ýurtlarynda geçirilipdi.