Türkmenistanyň Mejlisi 30-njy noýabrda “Adalatçy hakynda” Türkmenistanyň kanunyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizip, bu guramanyň düzüminde täze iki bölümiň – aýallaryň we çagalaryň hukuklarynyň goragy meseleleri boýunça, hem-de Hususy ulgamda adam hukuklarynyň goragy meseleleri boýunça bölümiň – açylmagyny tassyklady.
Azatlyk Radiosy, hususan-da soňky wagtlarda Türkmenistanda aýallaryň we çagalaryň hukuklarynyň ýagdaýy barada berýän habarlaryny güreltdi. Adalatçynyň edarasynda bu meseleler boýunça ýörite täze bölümiň açylmagy şeýle habarlaryň ýygjamlaşýan pursatyna gabat gelýär.
Azatlyk Radiosynyň aýal-gyzlaryň hukuklaryna gönükdirilen “Salam, Dogan!” ýörite gepleşigi soňky bir ýyl çemesi wagt bäri türkmen zenanlarynyň hukuklarynyň gözgyny ýagdaýyny gozgap gelýär.
Bu gepleşigiň ýaňy-ýakynda efire berlen iň soňky sany çagalaryň hukuklarynyň Türkmenistandaky ýagdaýyna gönükdirilip, maşgalalarda çagalary zorlukdan goramagyň ýol-ýordamlaryny ara alyp maslahatlaşdy.
Adam hukuklaryny goraýjylar we ýerli synçylar türkmen jemgyýetinde aýal-gyzlaryň hukuklarynyň goraglylygyna alada bildirip, şeýle meseleleri gün tertibine getirip gelýärler.
“Saglyk” maksatnamasynyň hem-da “Progres” gaznasynyň esaslandyryjysy Aýnabat Ýaýlymowa “Salam, Dogan!” gepleşigine beren interýuwsynda türkmen jemgyýetinde aýallaryň we çagalaryň hukuklaryna degişli çemeleşmeleri seljerip, şeýle meseleleri boýun almagyň hem-de bular barasynda açyk pikir alyşmagyň ähmiýetini nygtady.
“Aýal-gyzlara we çagalara garşy zorluk esasan maşgalada bolup geçýär. Olaryň dinamikasy meňzeş bolýar. Meniň pikirimçe, esasy sebäpler hökümetiň ilaty döwrebap ylymdan, düşünjelerden mahrum etmegi we ilatyň düşünjeli gatlagynyň ýaşmak dakynyp oturmagy bolýar” diýip, Ýaýlymowa aýtdy.
Azatlyk Radiosynyň şeýle meseleleri ýygy-ýygydan gozgap, ilat arasynda bu tema boýunça pikir alyşmalaryň ýygjamlaşmagy bilen, soňky wagtlarda sosial ulgamlaryň türkmen segmentinde hem bu meseleler has köp ara alnyp maslahatlaşylýar, şeýle-de maşgala geňeşdarlygy boýunça türkmen dilli sosial media kontentleri döredilýär.
Şeýle kontentlerde maşgala konsultantlary är-aýal gatnaşyklarynyň döwrebap kämilleşdirilmegine, galyberse-de, maşgalalarda aýal-gyzlaryň, çagalaryň hukuklaryna has ähmiýet berilmegine iterýän pikirler we teklipler bilen çykyş edýärler.
Bir maslahat merkeziniň Instagramda ýerleşdiren soňky wideo postlarynyň birinde, bir maşgala geňeşçisi türkmen maşgalalaryndaky çaga terbiýesinde atalaryň adatdakysyndan has işjeň orun almaklaryny maslahat berýär.
“Siz ýekeje sapar ýylyň birje güni mekdebe baryp, çagaňyza sýurpriz ediň! Balam, men seni görmäge geldim diýiň, ‘kaka, iş wagtynda geldiňmi, nädip geldiň bärik’. Bu ýerde çaga ‘men gerekli, men kakama gerekli’ diýip pikirlener. ‘Kakama gerekli bolsam, bütin dünýä gerekli’ diýer” diýip, maslahat merkeziniň hünärmeni aýdýar.
Azatlyk Radiosy bu merkezden rugsat alyp bilmänsoň, awtoryň öz sesini ulanmakdan, ýa-da maslahat merkeziniň sosial salgysyny paýlaşmakdan saklanýar.
Bu post Instagramda 82 müň gezek görlüp, 4200 gezek halanypdyr we 280 teswir alypdyr.
Şeýle mazmunly maglumatlar türkmen sosial media ulanyjylarynyň arasynda soňky wagtlarda has-da ýygjamlaşyp başlady.
Türkmen metbugaty Adalatçynyň edarasynda aýal-gyzlaryň hem-de çagalaryň hukuklary boýunça açylýan täze bölümleriň alyp barjak işleri, olaryň ygtyýarlyklarynyň gerimi boýunça jikme-jik maglumat bermeýär.
Ýöne şeýle bölümleriň açylmagy Azatlyk Radiosynda, garaşsyz neşirlerde we sosial media ulanyjylarynyň arasynda maşgala meseleleriniň, aýal-gyzlaryň we çagalaryň hukuklarynyň has köp ara alnyp maslahatlaşylyp başlanmagynyň yz ýanyna gabat gelýär.
Türkmenistanda 2016-njy ýylda täze Konstitusiýanyň kabul edilmeginiň yz ýany, Adalatçy hakynda kanun kabul edildi we şondan bir ýyl soň ýurtda Adalatçynyň diwany esaslandyryldy.
Ýedi ýaşyny dolduran edara Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýy boýunça öz üstüne alan wezipelerini talabalaýyk ýerine ýetirilmezlikde tankyt edilýär.
Türkmenistanyň Mejlisi 30-njy noýabrda geçiren maslahatynda başga-da birnäçe kanunçylyk namalaryna, şol sanda Zähmet kodeksine, Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine, Puly kadalaşdyrmak we pula gözegçilik etmek hakynda Kanuna girizilen üýtgetmeleri we goşmaçalary tassyklady.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum