Azatlygyň habarçylary Türkmenistanda ýaşlara jynsy gatnaşyklar hakyndaky bilim-düşünjeleriň berlişi bilen gyzyklanyp, dürli adamlar, şol sanda mekdep mugallymlary bilen söhbetdeş boldular. Anonimlik şertinde gürleşen ýerli pedagog bu meselede öňden gelýän çäklilikleriň saklanyp galýandygyny aýtdy.
Azatlygyň Lebapdaky habarçysy, gürleşen adamlaryna salgylanyp, ene-atalaryň, mugallymlaryň bu temadan çekeräk duranlaryny kem görmeýändigini, ýöne şäherlerde, medisina işgärlerleriniň maşgalalarynda ýa-da daşary ýurtda bilim alan raýatlaryň maşgalalarynda bu temanyň tabu däldigini aýtdy.
Azatlygyň bu temadan taýýarlan ikinji gepleşigine ABŞ-da ýaşaýan türkmen analitigi, "Saglyk" programasynyň" we "Progres" fondunyň esaslandyryjysy Aýnabat Ýaýlymowa hem gatnaşýar.
Forum