Trampyň kasam kabul ediş dabarasyndan soň ABŞ-nyň Ukraina boýunça ýörite wekili boljak Kit Kellogg 100 gün içinde urşy soňlamak üçin çözgüt tapmak isleýär. Dynç alyşdaky general bu islegini "Fox News" neşiriniň efirinde aýtdy.
Kellogg ABŞ-nyň saýlanan prezidentiniň Jo Baýdeniň adresine eden tankydy belliklerini goldady. Geljekki ýörite wekiliň sözlerine görä, Baýdeniň esasy ýalňyşlygy iki ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän giň gerimli uruşda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen hiç wagt gürleşmezligi boldy.
"Prezident [Tramp] bir ajaýyp iş edýär, ol garşydaşlary bilen hem, ýaranlary bilen hem gürleşýär. Ol munuň aňsat iş däldigini bilýär, ýöne ol ahyrky netijä gelmek üçin adamlar bilen gürleşmelidigini hakykatdan hem bilýär we ol hut şuny hem etmäge çalyşýar” diýip Kellogg nygtady.
Ol amerikan resmileriniň Trampyň Putin bilen hem, Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski bilen hem gürleşip bilmegi üçin "zerur şertleri" döretjekdigini aýtdy.
"Meniň pikirimçe, olar ýakyn wagtda kabul ederlikli çözgüde gelerler. Men ýakyn möhletdäki perspektiwa barada aýdanymda, men maksady şahsy derejämde, professional derejede goýmak isleýärin, ýagny men geliň 100 güni belläliň we dowam edeliň diýerdim” diýip, Kellogg aýtdy.