Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Eýran tarapyndan goldanylýan Ýemeniň “Huthi” jeňçi toparyny gaýtadan daşary ýurt terror guramasy (FTO) diýip yglan etmek işine başlady.
Bu topar prezident Donald Trampyň ilkinji prezidentlik möhletinde, ýagny 2021-nji ýylda hem daşary ýurt terror guramasy diýlip ykrar edilipdi. Ýöne bu, öňki prezident Jo Baýdeniň döwründe ýatyrylypdy.
“Bütin dünýäde terrorçylykly guramalaryny ýaraglandyrýan we türgenleşdirýän Eýranyň Yslam rewolýusiýa gorag korpusy kuds güýji tarapyndan goldanylýan Huthiler 2023-nji ýyldan bäri ABŞ-nyň Harby deňiz gämilerine onlarça gezek ot açdylar, uniformaly amerikan erkeklerine we aýallaryna howp saldylar” diýlip, Ak tamyň 22-nji ýanwarda çap eden baýannamasynda aýdylýar.
Trampyň jarnamasy, “Huthi” jeňçi toparyny ABŞ-nyň kanunçylygyna laýyklykda daşary ýurt terror guramasy hökmünde resmi taýdan ykrar etmek üçin takmynan 45 günüň içinde tamamlanjak bir prosesiň başlamagyna getirýär.