Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AI: dünýäde ölüm jezasynyň berilmegi azalýar


Eýranda ölüm jezasy berlip, asylan adam, 2010-njy ýylyň ýanwar aýy.
Eýranda ölüm jezasy berlip, asylan adam, 2010-njy ýylyň ýanwar aýy.
Adam hukuklaryna gözegçilik edýän “Amnesty International”, ýagny Halkara günä geçiş guramasynyň berýän maglumatyna görä, geçen ýyl dünýä boýunça ölüm jezasyna höküm edilenleriň sany azalypdyr. Ýöne, muňa garamazdan, her ýyl müňlerçe adama, hususan-da Aziýa we Ýakyn Gündogar döwletlerinde, iň ýokary jeza berilýär.

“Amnesty International” guramasynyň 2010-njy ýyl boýunça ýaýradan täze hasabatynda bellemegine görä, geçen ýyl Hytaýy goşmanyňda, ölüm jezasy bilen jezalandyrlyp öldürlenleriň sany 527-ä ýetipdir. Bu görkeziji 2009-njyl ýylda 714-e deň bolupdy.

Hytaýyň ölüm jezasyna höküm edilenleriň sanyny gizlin saklaýandygyna garamazdan, hasabata görä, geçen ýyl Hytaýda “müňlerçe” adam ölüm jezasy bilen jezalandyrylypdyr. Bu Hytaýda ölüm jezasyna höküm edilenleriň sanynyň beýleki ýurtlar bilen deňeşdirende, has köpdügini görkezýär.

Hasabatda bellenmegine görä, Eýranda azyndan 252 adam, Demirgazyk Koreýada 60, Ýemende 53, Birleşen Ştatlarda 46, Saud Arabystanynda azyndan 27 we Yrakda azyndan bir adam iň ýokary jeza – ölüm jezasy bilen jezalandyrylypdyr.

Bu hasabatyň awtory Roseann Raýf duşenbe güni Hong Kongda gurnalan metbugat-konferensiýasynda şeýle diýdi: "Biz munuň ölüm jezasynyň aradan aýrylmagy üçin dogry ýagdaýdygyna doly ynanýarys. Bu maksady BMG öňe sürdi we ony dünýäniň köp döwleti kabul etdi. Meniň pikirimçe, bu diňe wagt meselesi”.

Ýewropa-da geldi

Hasabatda nygtalyşyna görä, 2010-njy ýylda Belarusda ölüm jezasyna höküm edilenleriň bolandygyy sebäpli jezalandyrşyň bu usuly Ýewropa-da gelipdir.

Hasabatda bellenmegine görä, 2010-njy ýylda ölüm jezasyna höküm etmegiň umumy derejesi peselen hem bolsa, köp döwletlerde neşe serişdeleri bilen ilteşikli kanun bozmalar, ykdysady jenaýatlar we dine şyltak atmak gadaganlygy esasynda adamlara ölüm jezasy berlipdir.

Geçen ýyl ölüm jezasynyň berilmegini kanunlaşdyran döwletleriň hataryna ýene-de azyndan dört ýurt goşuldy. 2009-njy ýylda bu ýurtlaryň sany 19-a ýeten bolsa, geçen ýyl bu azyndan 23 döwlet boldy diýlip, hasabatda nygtalýar.

Şeýle hem “Amnesty International” guramasy Hytaýy ölüm jezasy bilen bagly resmi sanlaryny aýan etmäge çagyrýar. Hytaý, şu ýylyň başynda ýurtda ölüm jezasy berilýän jenaýatlaryň sanyny 55-den 13-e çenli kemeldendigini aýtsa-da, Roseann Raýf munuň umumy jezalandyrmalara ýetirjek oňyn täsiri bolar öýdenok.

Owganystanda, Indoneziýada, Mongoliýada, Pakistanda we Birleşen Arap Emirliklerinde 2008 we 2009-njy ýyllarda ölüm jezasy boýunça jezalandyrmalar bolan hem bolsa, geçen ýyl şol döwletlerde ölüm jezasynyň amala aşyrylandygy hasaba alynmady. Emma, Pakistanda azyndan 365, Yrakda azyndan 279, Owganystanda azyndan 100 we Belarusda 3 adama ölüm jezasyny bermek barada höküm çykarylypdyr.

Geçen ýylyň dowamynda dünýäniň 67 döwletinde azyndan 2,024 adama ölüm jezasynyň berlendigi aýdylýar. Dünýä boýunça ölüm jezasynyň berilmegine garaşýanlaryň sany bolsa 18,000 töweregi.
XS
SM
MD
LG