Prezident Wladimir Putiniň ýokary derejeli geňeşçisi, ABŞ wekiliýetiniň gepleşik geçirmek üçin Moskwa baryp gonmagyndan birnäçe sagat öň, Ukraina bilen arada ok atyşygy wagtlaýyn bes etmek baradaky islendik ylalaşygy ret etdi. ABŞ delegasiýasy Kremli 30 günlük ýaraşyk teklibini kabul etmäge, ýa-da bolmasa, sanksiýalar bilen ýüzbe-ýüz bolmaga çagyrar.
Kremliň maslahatçysy Ýuriý Uşakow 13-nji martda döwlet telewideniýesine beren interwýusynda ABŞ prezidenti Donald Trampyň teklip edýän ýaraşygynyň diňe Ukraina Russiýanyň öz goşunlaryna görkezýän basyşyndan gutulmak üçin wagt berjekdigini aýtdy. Kiýew bu ýaraşyk teklibini kabul edipdi.
“Men biziň pozisiýamyzy mälim etdim, bu, ukrain harbylaryna wagtlaýyn arakesme bermekden başga hiç zat däl” diýip, Uşakow aýtdy. Ýarym asyrdan gowrak wagt bäri diplomatiýa bilen meşgullanýan Uşakow Kremliň baş daşary syýasat maslahatçysy hasaplanýar.
Ol özüniň bir gün ozal ABŞ-nyň howpsuzlyk maslahatçysy Maýk Waltz bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde Moskwanyň pozisiýasyny mälim edendigini aýtdy.
“Maňa görä, bu ýagdaýda hiç kime (diňe bir) parahatçylyk hereketlerine öýkünýän ädimler zerur däl” diýip, ol aýtdy we Russiýanyň öz bähbitlerini hem-de aladalaryny hasaba goşýan uzak möhletli çözgüde gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.
Tramp Irlandiýanyň premýer-ministri Maýkl Martin bilen 12-nji martda Ak tamda geçiren duşuşygynyň dowamynda Ukraina boýunça ýaraşygyň gazanyljakdygyna ynam bildirdi we şeýle gürrüňleriň aýdylýan pursatlarynda ABŞ-dan bolan gepleşikçileriň Russiýa barýandygyny aýtdy.
Kremliň metbugat sekretary Dmitri Peskow 13-nji martda Trampyň ýörite wekili Stiw Witkoffyň ýolbaşçylyk edýändigi habar berlen ABŞ toparynyň ýolda bolandygyny tassyklady.
Biraz öň, Tramp žurnalistlere Russiýanyň “ok atyşygy bes etmekden başga ýolunyň ýokdugyny” aýtdy we “zerur bolsa, biz oňa sanksiýa girizeris, ýöne muňa zerurlyk bolmaz diýip, umyt edýärin” diýdi.
ABŞ prezidenti mundan iki aý çemesi wagt ozal ikinji gezek prezident wezipesine girişeli bäri, Russiýanyň Ukrainada üç ýyl bäri dowam etdirýän çozuşyny soňlatmagy özüniň iň wajyp wezipeleriň hatarynda goýdy, parahatçylyk gepleşiklerine taýýarlyk işleriniň çäklerinde dessine özüniň ýokary derejeli iki resmisini Moskwa hem-de Kiýewe ýollady.
Trampyň soňky teswirleriniň öňüsyrasynda, Kiýew Saud Arabystanynda ABŞ resmileri bilen dokuz sagat dowam eden gepleşiklerinden soň, wagtlaýyn ýaraşyga razy bolupdy.
Şo bir wagtda, Russiýanyň bu pikir bilen nä derejede gyzyklanýandygy aýdyň däl, rus prezidenti Wladimir Putiniň 13-nji martda belarus prezidenti Aleksandr Lukaşenko bilen geçiriljek gepleşiklerden soňra Ukraina boýunça çykyş etmegine garaşylýar.
Putin Kurska sapar edýär
Tramp Ak tamda gepläp otyrka, rus prezidenti Wladimir Putin Russiýanyň Kurs sebitindäki goşunlarynyň ýanyna baryp görmek üçin harby lybaslaryny geýýärdi. Ol ýerde häzirki wagta agyr uruşlar barýar, Moskwa güýçleri ilerleýär.
Ukraina awgust aýynda duýdansyz çozuş bilen Kursk sebitinde bir topar ýerleri ele geçirdi. Bu herekete rus güýçleriniň ünsüni gündogar Ukrainadan sowmak synanyşygy hökümden garaldy hem-de bolup biljek parahatçylyk gepleşiklerinde bu çäklerden “utuş karty” hökmünde peýdalanylar öýdüldi.
Bu strategiýa häzirki wagtda howp astynda, sebäbi rus güýçleri Ukraina tarapyndan ilkibaşda ele geçirilen çäkleriň tas ýarysyndan gowragyny yzyna gaýtaryp alyp, ýuwaşlyk bilen urainalylary Kurskdan gysyp çykarýarlar.
Putin Kursk sebitine amala aşyran saparynyň dowamynda öz güýçlerini bu sebitleri “mümkin boldugyndan tiz wagtda” dolulygyna yzyna gaýtaryp almaga çagyrdy.
Şeýle-de, ol ele salnan ukrain esgerlerine “terrorçy” hökmünde çemeleşiljekdigini aýtdy.
12-njy martda berlen tassyklanmadyk habarlara görä, rus resmileri bu sebitde öz goşunlarynyň has köp ilatly ýerleri, şol sanda Ukrainanyň hüjümde ele geçiren iň iri ilatly ýeri bolan Sudžany alandygyny öňe sürenden soň, Ukraina öz bölümçelerini yzyna çekip başlady.
Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň serkerdebaşysy general Oleksandr Syrskiý Sudžanyň içinde we töwereginde uruşlaryň dowam edýändigini aýtdy.
“Rus we demirgazyk koreýa güýçleri tarapyndan güýçlendirilýän basyşlara garamazdan, biz, dogry we zerur boldugyndan, Kursk sebitinde goranyşy saklap galarys” diýip, Syrskiý Telegramda ýazdy.
Ol feýsbukda goýan postunda esgerleriň janlaryny halas etmegiň ileri tutulýandygyny hem-de ukrain goşunlarynyň “eger zerur bolsa, has amatly pozisiýalara manýowr edip biljekdiklerini” aýtdy, şeýle sözler köplenç yzy çekilişi aňladyp bilýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum