Sentýabr aýynyn 14-ne Ahal welaýatynyn Gökdepe etrabynda mowlit çäresini geçirmek üçin taýýarlyk görülýär. Ýerli häkimiýetler bu dini çäräniň geçirmek üçin maddy serişdeleri telekeçilerden ýygnaýarlar. Bu taýýarlyklar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy maglumat berýär.
"Nowata daýhan birleshiginde obanyn ortasynda 14 sany her biri 200 adamlyk göçme çadyr gurup, bu ýere Gökdepe etrabyndan we Türkmenistanyň ähli ýerlerinde myhmanlar çagyrdylar. Ruhanylaryň keramatly Gurandan aýat okarlar" diýip, habarçymyz ýerli dindarlara salgylanyp, aýdýar.
Musulmanlaryň Muhammet pygamberiň doglan gününe gabat geçirýän mowlit däbi şu ýyl 14-nji we 15-nji sentýabr günlerine düşýär. Dünýewi Türkmenistanda birnäçe ýyl bäri bellenýän bu dini çäre häkimiýetleriň guramaçylygynda geçirlýär.
Habarçymyz şeýle dini çäreleriň ýerli din wekilleri tarapyndan ilat arasynda wagyz edilýändigini aýdýarlar.
"Ýerli mollalar mowlit okalýan ýerleriň, şäherleriň we ýurduň rysgalyny hem bereketini artdyrýar diýip ynandyrýarlar. Uly märekäniň gatnaşmagyndaky çärelerde tagam iýýärler, birnäçe molla doga okaýar, käbir ýerlerde çärä gatnaşýanlar mollanyň sözlerini köpçülik bolup, gaýtalaýar" diýip, habarçymyz bilen gürleşen çeşmeleriň biri mowlit çäresiniň geçirilişi barada gürrüň berdi.
Habarçymyz çäräniň guramaçylyk işleriniň Türkmenistanyň müftüsiniň garamagynda geçýändigini belledi.
Çäräniň guramaçylygyna gatnaşýan çeşmeleriň sözlerine görä, şu ýyl okaljak aýatlar ýurt abadançylygyna we prezidentiň jan-saglygyna bagyşlanar.
"Geçiriljek çärä islän adam gatnaşyp bilýär. Ýaşuly, ýaş kiçi, ähli adamlar, ýöne häzir onuň Gökdepe etrabynda geçýändigi üçin oňa prezident aparatynyň wekilleri hem başga resmiler gatnaşarlar. Ýöne çäreni surata düşürmek üçin telewideniýe we metbugat çagyrylmady" diýip çeşme aýtdy.
Prezidentiň maşgalasynyň dogduk mekany bolan Gökdepä türkmen resmileri tarapyndan aýratyn ähmiýet berilýär.
Gökdepede şenbe güni geçiriljek dini çärä görülýän taýýarlyklardan habarly çeşme muňa ýerli gurply ýaşaýjylaryň, hökümet wekilleriniň, ýerli we başga welaýatlaryň telekeçileriniň meýletin maliýe goşandygyny goşmaga ündelýändigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, mowlit çäresiniň çykdajylary onlarça müň dollara barabar bolýar.
"Gökdepede geçiriljek çärä pul ýardamyny berýän telekeçiler özlerine gelejekde hususy telekeçilik işlerini dowam etdirmäge rugsat beriljegini bilýärler" diýip, çeşme aýtdy.
Azatlyk Radiosy Gökdepede mowlit çäresine görülýän taýýarlyklar barada türkmen din wekillerinden we Gökdepäniň häkimiýetlerinden resmi görnüşde teswir alyp bilmedi.
Azatlygyň habarçylary şeýle dini çäreleriň ýyl-ýyldan köpelýändigini, emma dünýewi ýurduň häkimiýetleriniň we ýerli habar beriş serişdeleriniň olary köp äşgär etmeýändigini belleýärler.
Şeýle-de bolsa, dini çäreler il içinde goldaw tapýar.
"Mowlit diýilýäni 10 ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýär.
Başda Eýranyň medresselerinde okap gelen ruhanylar öýlerinde märeke çagyryp okaýardy. Soň il arasynda ýaýrap başlady. Mollalar mowlit bellenen soň jaý satyn aldym, ulag aldym, rysgalyň açylýar diýip, ilatyň arasynda mahabat çärelerini geçirýärler" diýip, çeşme aýdýar.
Soňky ýyllarda Türkmenistanda sosial-ykdysady şertleriň agyrlaşmagynyň fonunda ilat arasynda mollalara, tebiplere we palçylara ýüz tutmak köpçülikleýin häsiýete eýe boldy. Adamlar saglyk we maddy ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen yrym, doga ýaly usullara ýykgyn edýärler.
Şol bir wagtyň özünde Azatlygyň ýurduň içindäki habarçylarynyň maglumatlaryna görä, häkimiýetler syýasy propagandany wagyz etmek we ilatyň nägileliginiň öňüni almak ýaly maksatlar üçin din wekillerini giňden ulanýarlar.
"Hakykatda mollalar Türkmenistanyň güýç gulluklary bilen hyzmatdaşlykda bolup, märekä üýşen adamlaryň pikirini, olary biynjalyk edýän meseleleri, içki syrlaryny öwrenip, degişli edaralara ýetirýärler. Bu, öz gezeginde 'howply' diýlip hasap edilen adamlary yzarlamaga we gözegçilikde saklamaga esas berýär" diýip, ýerli çeşmeleriň ýene biri gürrüň berdi.
Uzaga çeken ykdysady krizis ilatyň hökümete bolan ynamyny gaçyrdy. Ilatyň durmuş şertleriniň agyrlaşýandygyny resmi taýdan boýun almaýan türkmen hökümeti adamlaryň nägileligini daşyna çykarmazlygyny gazanmak arkaly asudalygy saklamaga synanyşýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum