Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mejbury zähmetde tankytlanýan Türkmenistanda HZG eksperti bilen duşuşyk geçdi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Aşgabatda Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) hünärmeni bilen Türkmenistanyň Adalatçysynyň edarasynyň başlygy we işgärleriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Türkmenistan mejbury zähmeti giňden ulanmakda ýyllar boýy tankytlanyp gelýär.

Hökümetçi türkmen onlaýn neşirleriniň maglumatyna görä, Manuel Roksonyň iş saparynyň maksady Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň raýatlaryň zähmet hukuklary bilen baglanyşykly ýüz tutmalaryna garamak ukybyna baha bermekden ybarat.

Şeýle-de, Halkara zähmet standartlary, Türkmenistanyň zähmet kanunçylygy, Adalatçynyň edarasynyň zähmet hukuklary baradaky şikaýatlara garamakdaky hyzmaty we işi gözden geçirildi diýip, maglumatda bellenilýär.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň Adam gaçakçylygy boýunça 2024-nji ýyldaky ýyllyk hasabatynyň Türkmenistan bölüminde, türkmen hökümetiň mejbury zähmeti ulanmak, ululary we çagalary her ýyl mejbury pagta ýygymyna çekmek, jemgyýetçilik çärelerinde we beýleki ugurlarda ulanmak syýasatyny dowam etdirendigi aýdylýar.

Hasabatda bellenilşi ýaly, ozalky ýyllarda hem bolşy ýaly hökümet mejbury zähmet bilen bagly derňewler, jogapkärçilige çekilen resmiler ýa-da ýazgarylanlar, ýüze çykarylan pidalar, pidalara kömek bermek üçin döredilen ol ýa-da beýleki maksatnama barada hiç bir maglumat bermeýär.

XS
SM
MD
LG