Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda güýçli ýel turup, ýagyş ýagdy


Ýagyşdan soň, Aşgabadyň köçeleriniň biri (Arhiw suraty)
Ýagyşdan soň, Aşgabadyň köçeleriniň biri (Arhiw suraty)

Aşgabatda 20-nji iýunda giçlik güýçli ýel turup, ýagyş ýagdy. Ýeliň netijesinde, şäheriň käbir sebitlerinde agaçlaryň opurylmagy bilen bagly wakalar boldy.

Azatlyk Radiosynyň bu barada 21-nji iýunda paýtagtdan maglumat beren habarçysy ýagyş suwlary netijesinde suw joşmasynyň bolmandygyny hem aýtdy.

“Agaçlaryň uly şahalarynyň, käbir ýerlerde agaçlaryň opurylmagy netijesinde ýaralananlaryň bolandygy ýa bolmandygy barada häzirlikçe maglumat ýok” diýip, habarçymyz belledi.

Tebigy hadysa barada garaşsyz neşir “Turkmen.news” hem habar berip, käbir jaýlaryň üçeklerinden metal bölekleriň opurylandygyny aýtdy.

“Hususan-da, Baba Annanow we Ärtogrul Gazy köçeleriniň çatrygyndaky ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň binasynyň üçegi zaýalandy. Çatryk gysga wagtlaýyn ýapyldy” diýip, neşir 21-nji iýunda çap eden maglumatynda belleýär.

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň çäginde anomal tebigy hadysalar ýygjamlaşdy. Käbir sebitlerde ýaşaýjylar yssydan we gurakçylykdan ejir çekýän bolsa, beýlekilerinde güýçli ýagyşlar gaýtalanýar we sil akymlaryny döredýär.

XS
SM
MD
LG