Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britaniýanyň daşary işler ministri Merkezi Aziýa sapar edýär


Britaniýanyň daşary işler ministri Dewid Kameron
Britaniýanyň daşary işler ministri Dewid Kameron

Britaniýanyň daşary işler ministri Dewid Kameron Merkezi Aziýa ýurtlaryna we Mongoliýa sapar eder diýip, Britaniýanyň hökümet websaýty habar berýär.

“Dewid Kameron [britan] hökümetiniň dünýäniň möhüm sebiti bilen gatnaşyklary ösdürmek islegleriniň çäklerinde, Täjigistana, Gyrgyzystana, Özbegistana, Türkmenistana, Gazagystana we Mongoliýa sapar eder” diýip, habarda aýdylýar.

Britan ministri sebit ýurtlaryna amala aşyrýan möhüm saparynyň dowamynda sebitdäki döwletleriň özygtyýarlylygyny we garaşsyzlygyny goldamak ugrunda 50 million funt streling (61 million dollar) möçberinde maliýeleşdiriş maksatnamasyny yglan eder, şeýle-de britan işewürlik mümkinçiliklerini goldap çykyş eder.

Galyberse-de, Britaniýanyň daşary syýasat başlygy Britan geňeşiniň Merkezi Aziýada iňlis dilini ösdürmäge gönükdirýän täze başlangyjyny yglan eder.

Bu sapar bilen, 1997-nji ýyldan bäri ilkinji gezek britan daşary işler ministri Türkmenistana barar.

XS
SM
MD
LG