Nurmuhammet Hanamow 20 ýyldan gowrak wagt bäri Türkmenistanyň häkimiýetleriniň garşysynda durýar. Ol Saparmyrat Nyýazowyň prezidentlik döwründe ýurduň Türkiýedäki ilçisi boldy. Hanamow 2002-nji ýylda oppozisiýa geçýändigini yglan etdi. Muňa jogap hökmünde, öz watanynda Hanamowa garşy jenaýat işi gozgaldy we gaýybana görnüşde 20 ýyl möhlet bilen tussaglyga höküm edildi.
Oppozisioner häzir hem syýasata işjeň gatnaşýar. Ol howpsuzlyk aladalary sebäpli, häzirlikçe Türkmenistana dolanmagy meýilleşdirmeýär.
Forum