Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwada konsert zalyna hüjüm etmekde aýyplanýan dört adam deslapky tussaghana iberildi


Moskwanyň Basmannyý sudy şübhelileri Murodali Rajabalizoda, Dalerjon Mirzoýew, Muhammadsobir Faizow we Faridun Şamsiddin diýip tanyşdyrdy,
Moskwanyň Basmannyý sudy şübhelileri Murodali Rajabalizoda, Dalerjon Mirzoýew, Muhammadsobir Faizow we Faridun Şamsiddin diýip tanyşdyrdy,

Moskwanyň etegindäki konsert zalyna edilen adam pidaly hüjüm bilen baglylykda, dört adama terrorçylyk aýyplamalary bildirildi we olar iki aý möhlet bilen deslapky tussaghana iberildi. Moskwanyň sudy bu baradaky hökümi 24-nji martda giçlik çykardy. 22-nji martda “Krokus siti holl” konsert zalyna edilen hüjümde 137 adam heläk boldy.

Moskwanyň Basmannyý sudy şübhelileri Murodali Rajabalizoda, Dalerjon Mirzoýew, Muhammadsobir Faizow we Faridun Şamsiddin diýip tanyşdyrdy, şeýle-de olaryň ählisiniň Täjigistanyň raýatydygyny aýtdy.

Sud aýyplanýanlaryň üçüsiniň, ýagny Mirzoýewiň, Rajabalizodanyň we Şamsidiniň, özlerine bildirilen aýyplamadan soň, günälerini boýun alandygyny aýtdy.

Faizow suduň zalyna göni keselhanadan getirildi.

Suduň zalyna getirilen şübhelileriň ýüzlerinde gök yzlary bolup, olar terjimeçi bilen üpjün edildi.

Saklanan wagty gulagy kesilendigi çaklanylýan Rajabalizodanyň kellesiniň sag tarapy sargy bilen oralandy. Emma onuň gulagynyň kesilendigi barada, resmi ýagdaýda tassyklama bolmady.

Derňewçiler gizlinlik we howpsuzlyk düzgünlerine salgylanyp, sud diňlenişiginiň ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirilmegini soradylar.

XS
SM
MD
LG