Aşgabatly telekeçiler täze Arkadag şäherindäki kottežlerden we kwartiralardan satyn almaga mejbur edilýärler. Jaýlary satyn almakdan boýun gaçyran telekeçilere rugsatnamalarynyň ellerinden alnyp, atlarynyň döwletiň gara sanawyna goşuljakdygy we daşary ýurtlara çykarylmajakdygy barada haýbat atylýar. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine agza telekeçileriň birnäçesi Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçysyna gürrüň berdi.
“Geçen hepde birleşmäniň başlygy Aşgabatda ýazgyda duran we üç arkasy barlanyp, ‘arassa’ hasaplanan gurply telekeçiler bilen ýygnak geçirdi. Başlyk olara haýbatlary atyp, olary Arkadagdan öý satyn almaga mejbur etdi” diýip, aşgabatly telekeçi anonim şertde habarçymyza aýtdy.
Onuň tassyklamagyna görä, birleşmäniň başlygy telekeçilere “Arkadagyň arkasyndan baýandyklaryny” aýdyp, “indi sizem Arkadag şäherimiz üçin maýa goýarsyňyz” diýdi.
“Hiç bolmanda bir kottež we bir kwartira satyn alyň. Eger bu talapdan boýun gaçyrsaňyz, patent we lisenziýalaryňyz elleriňizden alnar, firmalaryňyz we kärhanalaryňyz ýapylar, özleriňiz hem gaýdyp döwlet bilen işleşip bilmersiňiz, gara sanawa goşularsyňyz, daşary ýurtlara çykyp bilmersiňiz” diýip, telekeçi birleşmäniň resmisiniň ýygnakda aýdan sözlerini sitirledi.
Resmi bu talabyň sebäbini Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy üçin maliýe serişdesiniň ýoklugy bilen düşündirdi.
“Şäheriň birinji tapgyrynda gurlan jaýlary satyn almasaňyz, pul tapylanok” diýip, telekeçi resminiň sözlerini sitirledi.
Telekeçiler onuň bu sözleri kagyza ýazylan tekstden okandygyny aýdyp, bu talaplaryň “ýokardan” berlen tabşyrykdygyna ynanýandyklaryny hem bellediler.
Köp telekeçi ýygnagyň yzysüre, biznesiniň we emläkleriniň ellerinden alynmagyndan aladalanyp, 11-nji dekabrdan Arkadag şäherinde jaý görüp başlady.
“Birleşmäniň telekeçilerine 300 sany jaý satyn almak we Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy üçin niýetlenen býujete azyndan 200 million amerikan dollaryny girizmek tabşyrylypdyr” diýip, telekeçi belledi.
Azatlyk bu ýagdaýlar barada birleşmeden kommentariý almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 12-nji dekabrda telefon arkaly eden synanyşyklary oňyn netije bermedi.
Aşgabadyň takmynan 25 kilometr töweregi günbatarynda ýerleşýän täze şäher 70 müň ilata niýetlenendir. Gurluşygy 5 milliard dollar boljakdygy mälim edilen bu şäheriň taslamasy iki tapgyrda durmuşa geçirilýär. 29-njy iýunda şäheriň birinji tapgyrynyň açylyş dabarasy geçirilip, onuň çäklerinde 336 sany medeni-durmuş we beýleki maksatly desgalar ulanylmaga berildi.
Türkmen häkimiýetleri we mediasy munuň ýurduň çägindäki ilkinji “akylly şäherdigini” ýygy-ýygydan mahabatlandyrýarlar. Ýöne habarçylarymyz we telekeçiler bu şäherdäki jaýlaryň hyrydarynyň tas ýokdugyny we munuň birnäçe sebäbiniň bardygyny aýdýarlar.
“Birinjiden, bu şäherden Gökdepede ýa-da Aşgabatda ýazgyda durmadyk raýatlara jaý satylmaýar. Ikinjiden, bu jaýlar döwletiň kesgitlän bahasyndan telim esse gymmada satylýar. Iň arzan kottež 1 million dollardan, 4 otagly kwartiralar 350 müň dollardan satylýar. Üçünjiden, bu şäherde ýaşamak türmede ýaşamakdan tapawudy ýok. Şäher gaty berk düzgünli, her bir adama bir polisiýa ofiseri gözegçilik edýär diýsek ýalňyşmarys. Şähere hususy ulagda girmek gadagan. Ol ýerde işlemek üçin-de ýekeje şert ýok. Şäherdäki söwda nokatlarynyň ählisi Arkadagyň ýakynlaryna degişli bolup, ýekeje kiçi dükan hem alyp işledip bolmaýar” diýip, aşgabatly telekeçi aýtdy.
Azatlyk bu aýdylanlar barada şäheriň degişli resmilerinden kommentariý alyp bilmedi.
Ýöne bellesek, ýokarda beýan edilen ýagdaýlaryň tas ählisi barada Azatlyk mundan ozal hem birnäçe gezek habar beripdi.
Iýul aýynda habarçylarymyz döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk ýagdaýy berlen Arkadag şäherindäki ýaşaýyş jaýlaryndan welaýat ýaşaýjylarynyň satyn alyp bilmeýändigini habar berdiler. Şonda olar bu jaýlardan satyn almaga isleg bildirýän welaýat ýaşaýjylarynyň ýörite gulluklaryň işgärleri tarapyndan yzarlanýandygyny hem aýdypdylar. Jaýlaryň hiliniň pesligi, olaryň käbirinde jaýryklaryň emele gelendigi barada-da maglumatlar gelip gowşupdy.
Döwlet baştutany Serdar Berdimuhamedowyň kakasy, öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň lakamyny göterýän şäher Türkmenistanda agyr ykdysady krizisiň dowam edýän wagtynda gurulvar.
Synçylar Arkadag şäheriniň töweregindäki işjeňlige “lideriň şahsyýet kultuny mundan-da beýläk ösdürmek synanyşyklary” hökmünde baha berýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum