Ysraýyl bilen ABŞ we ÝB tarapyndan terror guramasy hökmünde kesgitlenen Hamasyň arasyndaky ýaraşyk 28-nji noýabrda bäşinji gününe gadam basdy.
Ekstremist topar gaýtadan başlamagyna garaşylýan urşuň wagtyny yza çekmek üçin has köp asuda zamunlary boşatmagy wada berýär. Ysraýyl bolsa söweşler gaýtadan başlananda asuda palestin raýatlaryny öldürmekden saklanmak babatynda barha köp basyş görýär.
Taraplar ýaraşygyň möhletini 29-njy noýabra çenli uzaltdy. Hamasyň golastyndaky zamunlar bilen Ysraýyl tarapyndan tussag edilen palestinleri ýene iki gezek alyşmak meýilleşdirilýär.
Ýöne Ysraýyl başga zamunlaryň azat edilmejekdigi aýdyň bolanda Hamasy ýok etmek üçin “doly güýjünde” urşy dowam etdirjekdigini aýdýar.
Biraz öň, 27-nji noýabrda Kataryň Daşary işler ministrligi Ysraýyl bilen Hamasyň ýaraşygy iki gün möhlet bilen uzaltmak babatda ylalaşandygyny aýtdy. Bu bolsa, uruşdan saklanylmagynyň möhletiniň uzaldylmagy hem-de ekstremist toparyň golastyndaky zamunlaryň Ysraýyl tarapyndan tussag edilen palestinler bilen has köp alyşylmagy babatynda mümkinçilikleri döretdi.
Bu habar ilkibaşda dört gün möhlet bilen ylalaşylan ýaraşygyň ahyrky gününde, 27-nji noýabrda mälim edildi.
Ysraýylyň harbylary 27-nji noýabrda giçlik 11 zamunyň Gazadaky Gyzyl haja berlendigini we olaryň Ysraýylyň teritoriýasyna tarap ýola düşendiklerini aýtdy.
Bu aralykda, Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Entoni Blinken Gaza diplomatiýasyny dowam etdirýär.
Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Entoni Blinken şu hepde Ysraýyla, Günbatar kenara we Birleşen Arap Emirliklerine sapar edýär diýip, ABŞ-nyň döwlet departamenti 27-nji noýabrda aýtdy. Waşington Gaza zolagyna has köp ynsanperwer ýardamyň berilmegi hem-de ABŞ we ÝB tarapyndan terror guramasy hökmünde kesgitlenen Hamas tarapyndan alnyp gaçylan zamunlaryň boşadylmagynyň gazanylmagyna ýardam berilmegi ugrunda basyşy güýçlendirmegi maksat edinýär.
Blinken Ysraýyl Hamasy ýok etmegi başaran halatynda Waşingtonyň göz öňüne getirýän Gaza zolagynyň halyny ara alyp maslahatlaşar diýip, Döwlet departamentiniň bir resmisi aýtdy.
Ysraýyl we Hamas çaknyşygy barasyndaky beýleki habarlar barada aýdylanda, biraz öň özüniň bir anti-semit posta bildiren goldawy sebäpli tankytlara duçar bolan amerikaly biznesmen Ilon Mask Ysraýyla sapar edýär.
Geçen hepdede özüniň ýewreýlere garşy bir posta bildiren goldawy zerarly tankyt edilen Ilon Mask, ABŞ we ÝB tarapyndan terror guramasy hökmünde kesgitlenen Hamas toparynyň 7-nji oktýabrda gandöküşikligi amala aşyran ýerine aýlanyp görenden soňra, ýigrenjiň ýaýramagyny togtatmak üçin näme zerur bolsa berjaý etmek boýunça öz ygrarlylygyny yglan etdi.
X, Tesla we SpaceX kompaniýalarynyň eýesi bolan Mask ekstremist topar tarapyndan zamun alnan adamlaryň käbirleriniň maşgalalary bilen duşuşdy we Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu bilen onlaýn wideoaragatnaşyk arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Biraz öň, ol 27-nji noýabrda X ulgamynda “Hereketler sözlerden has güýçli gürleýär” diýip, post paýlaşdy.
Ilkibaşda dört gün möhlet bilen ylalaşylan ýaraşykda Hamas tarapyndan zamun alnan adamlar bilen Ysraýyl tarapyndan tussag edilen palestinleri alyşmagyň üç tapgyry amala aşyryldy. Hamas tarapyndan boşadylan adamlaryň arasynda daşary ýurtly zamunlar hem bar.
Ýaraşygyň üçünji gününde wenger raýatlary hem zamunlykdan boşadyldy.
26-njy noýabrda Hamas tarapyndan boşadylan zamunlaryň üçüsi wenger raýatlarydyr diýip, Wengriýanyň daşary işler ministri Peter Siýarto Facebookda ýazdy.
“Wenger zamunlary barada alada galýan adamlar bilen bir gowy habary paýlaşyp bilerin: katar hökümetiniň araçylygynyň saýasynda şu gün täze zamunlar Hamas ýesirliginden boşadyldy, olaryň ikisi wenger raýatlygy bolan çagalardyr” diýip, ol ýazdy.
Wenrgiýanyň prezidenti Katalin Nowak ozal Twitter diýlip bilinýän X ulgamynda paýlaşan postunda zamunlykdan boşadylan beýleki wengeriň aýal adam bolandygyny aýtdy. Ol hem Kataryň araçylyk tagallalaryna minnetdarlyk bildirdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum