Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenbaşyda ýeňillikli azyk paýlaryny žeton esasynda bermek düzgüni girizilýär


Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda çäkli möçberde satylýan ýeňillikli azyk önümleri ýaşaýjylaryň ählisine ýetmeýär.(Arhiw suraty)
Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda çäkli möçberde satylýan ýeňillikli azyk önümleri ýaşaýjylaryň ählisine ýetmeýär.(Arhiw suraty)

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň häkimiýetleri ilata ýeňillikli azyk paýlaryny žeton esasynda bermek düzgünini girizýärler. Žeton almaga baran raýatlardan dil hat ýazyp, her telefonuň özüne mahsus bolan IMEI belgisini bermek hem talap edilýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 23-nji noýabrda sebitden maglumat berdi.

“Türkmenbaşyda 2-nji we 28-nji döwlet dükanlaryna degişli hojalyklar indi öz ýag, un, towuk budy we ýumurtga paýoklaryny diňe žeton esasynda alyp bilerler. Olar žetonda görkezilen senede we wagtda, ýagny her aýyň üçünji ongünlüginiň dowamynda paýok almaga baryp bilýärler” diýip, ýerli ýaşaýjy anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.

Häzire çenli raýatlar dükanlarda satuwa çykarylýan azyk paýlaryny dükanyň öňünde nobata durup, satyn alyp bilýärdiler.

Žetonlar etrap polisiýa bölümleri tarapyndan berilýär.

Polisiýa işgärleri žetony almaga baran raýatlardan azyk nobatlaryny surata we wideo düşürmejekdigi, bu baradaky maglumatlary ýaýratmajakdygy hakda dil hat ýazmagy talap edýärler.

Şeýle-de, raýatlar öz mobil telefonunyň IMEI belgisini hem bermeli edilýärler. Bu aýdylanlary berjaý etmediklere žeton berilmeýär.

“Raýatlaryň dil hatlary we her telefonuň özüne mahsus bolan IMEI belgileri Milli howpsuzlyk ministrliginiň ýerli edarasyna tabşyrylýar” diýip, ýerli polisiýa işgärleriniň biri anonim şertde gürrüň berdi.

Häkimiýetler bu çäreleriň sebäpleri barada ilata aç-açan düşündiriş bermeýärler. Azatlyga bu barada ýerli polisiýa bölüminden we söwda edarasyndan kommentariý almak hem başartmady.

Ýöne dükan satyjylarynyň birnäçesiniň anonim şertde aýtmagyna görä, häkimiýetler bu çäreler esasynda nobatlaryň we olarda döreýän dawa-jenjelleriň, bu ýagdaýlaryň surata, wideo düşürilip, daşary ýurt metbugat serişdelerinde peýda bolmagynyň öňüni almaga çalyşýarlar.

“Soňky aýlarda azyk nobatlarynda uly nobatlar emele geldi. Olarda uruşlar hem boldy. Käte azyk ýetmedik alyjylaryň dükan satyjylaryna topulmagy bilen bagly ýagdaýlar hem boldy. Häkimiýetler bu ýagdaýlaryň daşary ýurt metbugat serişdelerinde çykmagyndan aladalanýarlar” diýip, dükan satyjysy aýtdy.

Dükan satyjysynyň aýdan ýagdaýlary barada Azatlyk ençeme gezek habar berdi. Şeýle-de, ýurduň dürli sebitlerinde ýaşaýjylaryň azyk paýlarynyň berilmezligine nägilelik bildirip, protest geçirmegi bilen bagly ýagdaýlar hem bolupdy.

Ýerli ýaşaýjylaryň ençemesi, nobatdaky çäreleriň häkimiýetleriň “raýatlara gözegçiligi güýçlendirmegine we olary yzarlamagyna aç-açan mümkinçilik berýändigini” aýdyp, nägilelik bildirýär.

“Azyk paýlaryny almak hem indi döwlet edarasyna işe geçmek ýaly kynlaşyp barýar. Häkimiýetler raýatlar azyk paýlaryny almaz ýaly etjek bolýana meňzeýär. Sebäbi olar näçe köp býurokratik düzgünleri oýlap tapsalar, ilat şonça-da ýadar we azyk paýyny almakdan ýüz öwrer öýdýärler” diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.

Bu aralykda, habarçymyz sebit häkimiýetleriniň döwlet dükanlarynda ilata çörek satmagy hem gadagan edendigini aýdýar.

"Dükan satyjylarynyň ençemesi mundan beýläk etrapçalara aýlanyp, çöregi ýaşaýjylara paýlajakdyklaryny aýdýarlar" diýip, habarçymyz belledi.

Azatlyk bu düzgünleriň sebitdäki ähli döwlet dükanlaryna degişlimi ýa däldigini häzirlikçe doly anyklap bilmedi.

Türkmenistanda azyk howpsuzlygynyň ýagdaýy bilen bagly dowam edýän aladalaryň arasynda, ýurduň döwlet dükanlarynda azyk üpjünçiliginiň ýagdaýy soňky aýlarda has-da ýaramazlaşýar.

Subsidirlenen azyk önümleri kadaly paýlanylmaýar, käbir sebitlerde alty aý çemesi gijikdirilýär. Dükanlarda çäkli möçberde satylýan arzan çörek ýaşaýjylaryň ählisine ýetmeýär. Azatlygyň paýtagtdaky habarçylary geçen hepde döwlet dükanlarynyň ilatyň un paýlaryny “kemeldip berýändigini” habar berdiler.

Türkmenistanda azyk howpsuzlygynyň berkidilýändigini ýygy-ýygydan tekrarlaýan türkmen hökümeti we mediasy dükanlardaky azyk ýeter-ýetmezçiligi barada hiç hili mesele gozgamaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG