Owganystanda iki ýyldan gowrak wagt bäri “Talyban” häkimiýeti dowam edýär. Mälim bolşy ýaly, bu ýurtda, dürli çaklamalara görä, bir million çemesi etniki türkmen ýaşaýar.
Ýaňy-ýakynda “Talyban” ýolbaşçylygyndaky owgan hökümeti ýurduň esasan demirgazyk sebitlerini kesip geçýän iri suw taslamasynyň, Koş Tepa kanalynyň gurluşygynyň birinji tapgyrynyň tamamlanandygyny yglan etdi.
Koştepa (Koş Tepa, Koştepe) kanaly Amyderýadan gözbaş alýar. Bu kanalyň gurluşygyna Amyderýadan suw içýän Merkezi Aziýa ýurtlarynda, şol sanda Türkmenistanda alada bilen syn edilýär.
Koştepa kanalynyň aglaba bölegi Owganystanda etniki türkmenleriň köplük bolup ýaşaýan sebitlerini kesip geçýär. Etniki türkmenler Koştepa kanalyna nähili umyt baglaýar?
Şol bir wagtda, ýaňy-ýakynda Owganystanyň goňşusy Pakistan öz territoriýasynda ýaşaýan bikanun migrantlary, şol sanda owganystanly bosgunlary ýurtdan çykarjakdygyny yglan etdi. BMG-niň Bosgunlar edarasynda görä, 2023-nji ýylyň dowamynda 700 müň çemesi owganystanly migrant ýa-da owgun bosgunlary goňşy Eýrany terk edip, Owganystana dolanmaly bolupdyr. Şeýle habarlar owgan halkynyň arasynda, şol sanda etniki türkmenleriň arasynda nähili kabul edilýär? Media maglumatlaryna görä, soňky iki ýylda Eýranda ýaşaýan owgan bosgunlarynyň sany 5 million adama ýetipdir.
Biz şu we beýleki käbir soraglaryň töwereginde söhbetdeşlik geçirmek üçin Owganystanda ýaşaýan etniki türkmenleriň bir wekilini, öňki žurnalist Rozymyrat Türkmeni gepleşigimize çagyrdyk. Owganystanda media azatlygy bilen bagly dowam edýän çäklendirmeleriň arasynda, biz, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli, söhbetdeşimiziň sesini efirde eşitdirmeýäris.
Dünýä Türkmenleriniň nobatdaky sany owgan türkmenleriniň durmuşyndan söhbet açýar.
Azatlyk Radiosy: Rozymyrat, gepleşigimize hoş geldiňiz! Owganystanda indi iki ýyldan gowrak wagt bäri “Talyban” häkimiýeti dowam edýär. Demirgazyk Owganystanda, bilşimiz ýaly, dürli çaklamalara görä, bir milliondan gowrak etniki türkmen ýaşaýar. Ýurtda häzirki wagtda ykdysady şertler nähili? Mälim bolşy ýaly, Talyban ýolbaşçylygyndaky owgan hökümeti heniz daşary ýurt döwletleri tarapyndan hem-de halkara guramalary tarapyndan ykrar edilmedi? Şol bir wagtda, “Talyban” hökümetiniň astynda ynsan hukuklarynyň barha ýaramazlaşan ýagdaýy zerarly, şeýle-de aýal-gyzlaryň hukuklarynyň ýiti çäklendirilmegi sebäpli, käbir halkara haýyr-sahawat guramalary Owganystana iberýän ynsanperwer ýardamlaryny kesmeli boldy. Owgan halky, şol sanda etniki türkmenler häzir nähili şertlerde ýaşaýar?
Rozymyrat Türkmen: “Talyban” topary Owganystanda häkimiýeti ele geçireli bäri, daşary ýurt döwletleri Owganystany [“Talyban” ýolbaşçylygyndaky owgan hökümetini] ykrar etmeýär. Şonuň üçin, hem-de aýal-gyzlaryň bilim mümkinçiliklerinden mahrum edilmegi zerarly, halkara guramalary ynsanperwer ýardamlaryny bes etdi. Şeýle ýagdaýda etniki türkmenleriň hem aglaba bölegi, öňki ýyllar bilen deňeşdirilende, agyr şertlerde ýaşaýarlar.
Azatlyk Radiosy: Ýurtda öňler etniki türkmenleriň özbaşdak medeni guramalary hereket edýärdi. Häzirki wagtda şeýle guramalar barmy?
Rozymyrat Türkmen: Olar häzir hem bar. Ýöne “Talyban” toparynyň häkimiýeti eýelemeginden ozal, ýagny iki ýyl mundan ozal, ýurtda hereket edip gelen guramalaryň işgärleriniň ençemesiniň daşary ýurt döwletlerine bosgunlyga çykmagy bilen, bu guramalaryň işjeňligi peseldi. Bu guramalara öňki agzalaryň ornuna täze goşulan adamlar häzir hem öz işlerini dowam etdirýärler, ýöne öňküler ýaly işjeňlik, öňe gidişlik ýok.
Azatlyk Radiosy: Ýaňy-ýakynda Owganystanyň goňşusy Pakistan öz çäginde bikanun ýaşaýan migrantlary, şol sanda owgan bosgunlaryny ýurtdan çykarjakdygyny yglan etdi. BMG-niň Bosgunlar edarasynda görä, 2023-nji ýylyň dowamynda 700 müň töweregi owganystanly bosgun goňşy Eýrandan Owganystana dolanypdyr. Şeýle habarlar Owganystanda nähili garşylanýar, nähili kabul edilýär? Şeýle ýagdaýlar barada giň jemgyýetçilikde nähili pikirler öňe sürülýär?
Rozymyrat Türkmen: Dogry! Hususan-da, soňky iki aýdan gowrak wagt bäri Eýran we Pakistan owgan bosgunlaryny yzyna, Owganystana ugradyp başlady. Pakistanda owgan türkmenleri kowçum bolup ýaşaýarlar. Olar hem yzyna gaýdyp gelmeli. Meniň pikirimçe, Pakistan döwleti olara zulum edýär. Bilşimiz ýaly, her bir döwletde bosgunlaryň meselelerine seredýän ýörite edaralar bar. Şu edaralar, umumy düzgünlere laýyklykda, bosgunlaryň hak-hukuklarynyň kemsidilmeginiň öňüni almak üçin iş alyp barmaly. Pakistanda ýa-da Eýranda ýaşaýan owganystanly bosgunlar özleriniň hak-hukuklarynyň basgylaýandygyny, özleriniň arz-şikaýatlaryna seredilmeýändigini aýdyp, şikaýat edýärler.
Azatlyk Radiosy: Bilşimiz ýaly, “Talyban” ýolbaşçylygyndaky owgan hökümeti öz häkimiýetiniň ilkinji ýylynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň suw üpjünçiligine-de täsir etjek iri bir suw taslamasynyň, Koştepa (Koştepe, ýa-da Koş Tepa) kanalynyň gurluşygyna girişilýändigini yglan etdi. Ýaňy-ýakynda bolsa bu taslamanyň gurluşygynyň birinji tapgyrynyň tamamlanandygy yglan edildi. Şol Koştepa kanalyna baryp gördüňizmi? Şu taslama bilen bagly sizde nähili maglumatlar bar?
Rozymyrat Türkmen: Koştepa kanalynyň baş sakasynyň boýunda köp sanly etniki türkmen ýaşaýar. Koştepa kanaly başlanýan nokadyndan tä ahyrky nokadyna çenli türkmenleriň ýaşaýan sebitlerini kesip geçýär. Bu kanal Owganystanyň Balh welaýatynyň Kelder etrabyndan başlanýar. Amyderýanyň bu çäkleri Owganystanyň Özbegistan bilen Täjigistan aradaky serhet ýakalary bolýar. Bu kanal şol sebitlerden gözbaş alýar we Owganystanyň Jöwüzjan welaýatyndan geçip, Farýap welaýatynyň Andhoý we beýleki etraplaryna çenli uzap gidýär. Koştepa kanalynyň umumy uzynlygy 285 kilometr, çuňlugy 8,5 metr, ini 100 metr bolup, ol esasan türkmenleriň ýaşaýan sebitlerini kesip geçýär. Bu sebitler ençeme ýyllardan bäri suwsuzlykdan, gurakçylykdan ejir çekýär. Koştepa kanalynyň gurluşygy üç tapgyrda alnyp barylýar. Taslamanyň birinji tapgyry tamamlandy, ikinji tapgyry dowam edýär. Üçünji tapgyrda kanalyň boýundaky ýerleriň owganystanly ýaşaýjylara paýlanyp beriljekdigi aýdylýar.
Azatlyk Radiosy: Owgan häkimiýetleri Koştepa kanalynyň ugrunda, kanalyň boýunda iri oba hojalyk önümçiliginiň alnyp baryljakdygyny aýdýar. Kanalyň boýunda nähilidir bir işjeňlik, täze daýhan hojalyklary, täze açylýan ekerançylyk ýerleri göze ilýärmi?
Rozymyrat Türkmen: Häzirki wagtda az-kem göze görnüp başlady. Taslamanyň üçünji tapgyrynda kanalyň boýundaky ýerleriň ilata paýlanjakdygy aýdylýar. Koştepa kanaly esasan türkmenleriň ýaşaýan sebitlerinden geçýär. Ýöne, ilat arasynda aýdylmagyna görä, Pakistandan ýa-da Eýrandan ýurda dolanyp geljek etniki paştunlara kanalyň boýundan ýer bölekleriniň beriljekdigi aýdylýar. Olaryň Pakistandan getirilip, Koştepa kanalynyň boýundaky sebitlere ýerleşdiriljekdigi aýdylýar. Ýöne, aýdyşym ýaly, Koştepa kanalynyň boýunda esasan etniki türkmenler ýaşaýar. Türkmenler özleriniň ekerançylyk ýerleriniň ýokdugyndan şikaýat edýärler. Ýöne, olaryň arz-şikaýatlaryna gulak asylmaýar. “Talybanyň” merkezde ýaşaýan uly başlyklarynyň aýtmaklaryna görä, Koştepa kanalynyň daş-töweregindäki ýerleriň paştunlara paýlanyljakdygy aýdylýar. Türkmenlere kän bir jaý berilmez, eger ýer bölekleri berilse-de, az berler diýlip çak edilýär. Ýerleriň aglaba bölegi puştunlara berler diýlip, pikir edilýär.
Azatlyk Radiosy: Kanalyň gurluşygynyň birinji tapgyry tamamlanan bolsa, häzirki wagtda, Amyderýadan Koştepa kanalyna suw akyp başladymy? Siz şony baryp öz gözüňiz bilen gördüňizmi?
Rozymyrat Türkmen: Hawa. Häzir kanalyň baş sakasyndan tä birinji tapgyryň tamamlanýan ýerine çenli Amyderýanyň suwy açyldy, suw geldi. Üçünji tapgyr heniz başlamady. Ýöne taslamanyň gurluşygynyň dowam etdiriljekdigi barada gürrüňler bar.
Azatlyk Radiosy: Mälim bolşy ýaly, siziň hem ýaňy belläp geçişiňiz ýaly, kanalyň aglaba bölegi etniki türkmenleriň ýaşaýan sebitlerini kesip geçýär. Ýaňy hem gürrüň berdiňiz, ýöne ýene bir gezek bir ýagdaýa ünsi çeksek, ýagny etniki türkmenler Koştepa kanalyna nähili umyt baglaýar?
Rozymyrat Türkmen: Etniki türkmenler umytly. Owganystanyň Jöwüzjan welaýatynda, Jöwüzjan welaýatynyň Akja etrabynda, Meňejik, Mürdiýan etraplarynda, Balh welaýatynyň Döwletabat etrabynda ýaşaýan türkmenler ýyllar boýy suwsuzlykdan ejir çekýär. Olar ‘suw gelse, biziň peýdamyza bolar, ekerançylyga ýardam bolar, hal-ýagdaýymyzyň gowulanmagyna itergi berer’ diýip, pikir edýärler. Emma, beýleki tarapdan, ilat arasynda aýdylmagyna görä, türkmenleriň ýaşaýan sebitleriniň owganystanly paştunlara berlip, türkmenleriň çetledilmeginden howatyr edilýär.
Azatlyk Radiosy: Bir döwür, ýalňyşmasam 2018-nji ýylyň fewralynda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TAPI) gaz geçirijisiniň owgan bölegine badalga berlipdi. Soňra bu taslamanyň gurluşyk işleri togtady. Häzir şu talamanyň töwereginde nähilidir bir işler alnyp barylýarmy? Şu taslamanyň geçýän sebitlerine sapar edip gördüňizmi? Şol sebitlerde göze ilýän gaz geçiriji barmy, ýa ýere serlip ýatan turbalar, ýa-da beýleki gurluşyk tehnikalary göze ilýärmi?
Rozymyrat Türkmen: Öňki hökümet döwründe TAPI taslamasynyň başy başlandy. Soňky wagtlarda TAPI taslamasynyň gurluşyk işleriniň gaýtadan başlanjakdygy barada gep-gürrüňler bar. Ýöne häzirki wagtda iş ýüzünde başlanan zat ýok. TAPI taslamasynyň durmuşa geçiriljekdigi barada ilat arasynda arzuw-umytlar bar. Onuň gapdalyndan demirgazyk Owganystany paýtagt Kabul bilen birleşdirýän bir ýol bar, ýöne ol ýoluň ýagdaýy gowy däl. Häzirki hökümet şol ýoly abatlamak işlerine-de girişýär. Şol bir wagtda, Koştepa kanaly hem durmuşa geçirilýär. Şular ýaly taslamalara seredilip gelinýär, şonuň üçin TAPI taslamasyna hem gaýtadan başlanylar diýlen arzuw-umytlar peýda boldy.
Azatlyk Radiosy: Golaýda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň maslahaty geçirildi. Şu maslahatdan habaryňyz barmy? Şol maslahatda owgan türkmenlerine wekilçilik eden agzalar owgan türkmenleriniň meselelerini gozgadymy?
Rozymyrat Türkmen: Biziň bilşimize görä, Owganystanda 4 milliondan gowrak türkmen ýaşaýar. Olaryň aglaba bölegi Türkmenistan bilen serhet ýakalarda ýaşaýarlar. [Aşgabatda geçirilen üýşmeleňe], biziň bilşimize görä, Owganystandan gatnaşan türkmen ýok. Häzirki döwürde, bilşimiz ýaly, tehnologiýanyň ösmegi bilen, sosial medianyň giň ýaýramagy bilen, biziň ullakan dünýämiz kiçijik bir oba öwrüldi. Diýjek bolýanym, bu maslahatdan owgan türkmenleri hökman habarly bolardy. Owganystandan Aşgabatda geçirilen maslahata gatnaşan adam hem ýok, ol maslahatda Owganystandaky türkmenleriň meselelerini agzan adam hem ýok. Serhet ýakada ýerleşýän türkmen obalary bar. Olaryň tebigy gaz üpjünçiligi, elektrik üpjünçiligi bar. Olaryň yşyklary ýanyp dur. Biz görýäris. Emma biziň ülkämiz elektrik energiýasynyň ýetmezçiliginden ejir çekýär, kösenýär. Biz [Aşgabatda geçirilen maslahata] Owganystandan gatnaşan adam bolandyr diýip pikir etmeýäris.
Azatlyk Radiosy: Indi, owgan halkynyň durmuş-ykdysady şertleri barada gürrüň etsek. Ilatyň iş mümkinçilikleri nähili, haýsy pudaklarda iş tapmaga mümkinçilik bar? Täze iş ýerleri açylýarmy?
Rozymyrat Türkmen: Häzirki wagtda bu ugurda täzelik ýok. Koştepa kanaly bar. Şonuň gurluşygynda işleýän adamlaryň sany artypdyr. Ýöne obalarda ýüze göterimden bir göterim adam şeýle işlere goşulyp bilýär. Öňki ýyllar bilen deňeşdirilende, häzir iş tapmak kyn. Bogunlyga çykmak hem kyn. Eýran, Pakistan we Türkiýe ýaly döwletlere-de çykmak kyn. Köp adam işsizlikden ejir çekýär. Owganystanda ýoň bolan düzgünlere görä, eger kimdir biriniň atasy ýokary wezipede işleýän bolsa, şonuň ogullary iş tapyp bilýär. Tanşy ýok adamlara iş hem berilmeýär, başga zat hem berilmeýär. Olar bikär, işsiz galýarlar.
Azatlyk Radiosy: Bazarlarda bahalar nähili? Azyk harytlarynyň üpjünçiligi we bahalary nähili? Gymmatçylykmy? Haýsy harytlar has köp elýeterli, haýsy harytlar has köp ýetmezçilik edýär?
Rozymyrat Türkmen: Häzirki wagtda, hususan-da, Owganystanyň demirgazyk sebitlerinde, Haýratan geçelgesi arkaly Türkmenistan bilen ýa-da Özbegistan bilen aram gatnaşyklaryň ýola goýulandygy sebäpli, soňky iki ýyl bilen deňeşdirilende, azyk üpjünçiliginiň ýagdaýy biraz ganymat. Geçen iki ýyl bilen deňeşdirilende biraz arzanlaýyş bar. Ýöne il-günüň esasy meselesi – işsizlik. Ýogsa, häzir parahatçylyk hem berkarar edildi. Ilat işsizlikden ejir çekýär. Emma, iki ýyl ozalky ýagdaýlar bilen deňeşdirilende arzanlaýyş bar, gowy.
Azatlyk Radiosy: Aýal-gyzlaryň mümkinçilikleri barada gürrüň edeli! Owganystanda aýal-gyzlaryň bilim mümkinçilikleri, iş mümkinçilikleri çäkli bolmagynda galýar diýdiňiz. Häzirki wagtda gyz çagalara näçe ýaşa çenli mekdebe gitmäge rugsat berilýär? Aýal-gyzlara düýbünden işlemäge rugsat berilmeýärmi, ýa-da olaryň iş mümkinçiligi göz öňünde tutulan pudaklar hem barmy?
Rozymyrat Türkmen: Aýal-gyzlaryň mümkinçilikleri barada gürrüň etsek, gyz çagalar 1-nji synpdan 5-nji synpa çenli mekdebe gidip bilýärler. Emma ondan soň okamaga, bilim almaga rugsat berilmeýär, aýal-gyzlaryň wezipe eýelemegine ýol berilmeýär. Olar ne mekdebe gatnap bilýärler, ne-de ýokary okuw jaýlaryna gatnap bilýärler. Öňki hökümet döwründe türkmen aýallary döwlet işgärleri bilen bir ýerde işläp bilýärdiler. Olaryň köpüsi işlerinden boşadyldy. Işlerinden boşadylmadyklar hem iş ýerlerine baryp bilmeýär, ýöne olaryň hak-hukuklary döwlet tarapyndan tölenilýär.
Azatlyk Radiosy: Bilşimiz ýaly, “Talybanyň” häkimiýet başyna gelmeginden soňra, ýurtda media azatlygy çäklendirildi we bu ýagdaýa aýratyn alada bildirildi. Häzirki wagtda nähili, media serişdeleri nähili iş alyp barýar? Media azatlygy nähili çäklendirilýär?
Rozymyrat Türkmen: Öňler hakykat ajy bolsa-da aýdyp bolýardy. Häzir žurnalistler ajy hakykaty aýdyp bilmeýärler. Hakykatyň ajy tarapyny aýdyp bilmeýärler. Media işgärleri hakykaty aýdyberseler, olar dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolup başlaýarlar. “Talyban” topary häkimiýete geçeli bäri, mediada çap edilýän maglumatlar, wideolar we ses ýazgylary dykgat bilen barlanylýar, häkimiýetler tarapyndan syn edilýär. “Media işgärleri döwlete garşy işleýärmi, ýa-da biziň alyp barýan işlerimizi goldaýarmy?” diýip, olar dykgat bilen yzarlaýarlar. Media işgärleri häkimiýetleriň garşysynda çykyş etseler, olara kynçylyk döredilýär. Häzirki wagtda, habarçylaryň arasynda tussag astynda ýatan adamlar hem kän. Esasan hem welaýatlarda bu ýagdaý şeýle. Tussag astyndaky habarçylaryň sany 10-20-den köp bolsa gerek! Olar ajy hem bolsa hakykaty aýdypdyrlar, şeýdip hem öz durmuşlaryna howp abandyrypdyrlar.
Azatlyk Radiosy: Rozymyrat, gepleşigimize gatnaşyp, beren gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň!
Rozymyrat Türkmen: Minnetdar! Siz hem sag boluň!
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.
Forum