Polisiýa meşhur bloggerleri soraga çekýär, ‘diňe öwgüli postlary’ paýlaşmagy talap edýär
Türkmenistanyň käbir sebitlerinde soňky günlerden bäri YouTube, TikTok, Instagram ýaly sosial torlarda degişlilikde meşhur bloggerler polisiýa tarapyndan soraga çekilýär. Olara ýurt barada diňe öwgüli maglumatlary ýerleşdirmek tabşyrylýar, ýogsa-da türme tussaglygy bilen haýbat atylýar. Dünýäniň iň bir repressiw ýurtlarynyň birindäki çeşmämiziň howpsuzlygy jähtinden anyk adam we ýer atlaryny häzirlikçe äşgär etmeýäris.