Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Eýrana sapara bardy.
TDH onuň Tähran şäheriniň halkara howa menzilinde EYR-nyň Ýol we şäher gurluşyk ministri Mehrdad Bazrpaş bilen söhbetdeş bolandygyny habar berýär.
Söhbetdeşligiň dowamynda netijeli gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin zerur tagallalaryň ediljekdigi bellenildi, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýan türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirildi diýip, habarda aýdylýar.