Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Paýtagt Aşgabatda gysga wagtyň içinde azyndan üç gezek ilatyň agyz suw üpjünçiligi kesildi


Illýustrasiýa suraty. Aşgabat. Arhiwden alyndy.
Illýustrasiýa suraty. Aşgabat. Arhiwden alyndy.

Aşgabadyň etraplarynda iki hepde ýaly gysga wagtyň dowamynda azyndan üç gezek suw üpjünçiligi kesildi diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy aýdýar.

Soňky sapar 5-nji maýda paýtagtyň Parahat etrapçalarynda hasaba alnan suw ýetmezçiligi günüň dowamynda üç sagatdan sekiz sagada çenli dowam edýär.

Suw üpjünçiligi Aşgabadyň etraplarynda gezekli-gezegine öçürilýär.

“Tomus nämeler bolar, muny göz öňüne-de getirmek kyn. Bu aralykda, suwlar kesilende alternatiw suw üpjünçiligi ýola goýulmaýar. Öňler, iň bolmanda, suw daşaýjy ulaglar gelerdi, häzir bolsa, men bu barada hatda eşitmedimem” diýip, bir aşgabatly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Suw üpjünçiliginiň kesilmegi, şol bir wagtda alternatiw üpjünçiligiň ýola goýulmazlygy we suwuň kesiljekdigi barada häkimiýetler tarapyndan öňünden habar berilmezligi şäher ýaşaýjylarynyň nägileligine getirýär.

“Suwuň kesiljekdigi barada ne SMS geldi, ne köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly bildiriş berildi, ne-de köp gatly jaýlaryň girelgelerine bildiriş kagyzlary asyldy” diýip, şäher ýaşaýjysy nägilelik beýan edýär.

Türkmensitanda onlarça ýyl bäri dowam edýän suw ýetmezçiligi bilen bagly problemalar soňky wagtlarda has-da ýitileşýär.

Biraz öň, Azatlyk Radiosynyň habarçylary Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde hem 25-26-njy aprel günleri durmuş desgalaryna we ýaşaýyş jaýlaryna iberilýän suwuň birnäçe sagatlap kesilendigini habar berdiler. Sebitdäki habarçymyz Hazaryň kenaryndaky şäherde 2023-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri, azyndan 20 gezek suw üpjünçiliginiň kesilendigini habar berdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan paýtagt ýaşaýjylary nobatdaky suw ýetmezçiliginiň dürli oňaýsyzlyklara ýol açýandygyny, gündelik durmuşy bökdeýändigini aýdýarlar.

“Biz takmynan 80-100 litr töweregi ätiýaç suw alyp goýýarys. Ýöne ätiýaç suw gaplary kwartiralarda goşmaça ýer tutýar, üstesine köp adamda beýle mümkinçilik ýok” diýip, şäher ýaşaýjylary Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýdýarlar.

Azatlyk Radiosy paýtagtda emele gelen nobatdaky suw ýetmezçiligi we onuň mümkin bolan sebäpleri barada resmi teswir alyp bilmedi.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň dürli künjeginde suw öndürmäge we arassalamaga niýetlenen kärhanalaryň hem-de suw basyş desgalarynyň ençemesi guruldy. Munuň bilen bir wagtda, şäher ýerlerinde turbalary täzelemek ýa abatlamak boýunça ýygy-ýygydan gazuw işleri hem geçirilýär.

Muňa garamazdan, Türkmenistanda suw üpjünçiligi meselesi onlarça ýyl bäri çözülmän galýar. Paýtagtda we welaýatlarda ýaşaýyş hem-de durmuş maksatly binalaryň suw üpjünçiligi ençeme sagatlap, käte birnäçe günläp kesilýär. Habarçylarymyzyň we ýerli hünärmenleriň sözlerine görä, ilat köpçüliginiň ýaşaýan ýerleriniň aglaba bölegi köne kärhanalaryň hasabyna köplenç könelişen we sandan çykýan enjamlar, turbalar bilen üpjün edilýär.

Türkmenistanda diňe bir agyz suwunyň üpjünçiliginde däl, eýsem, oba hojalyk suwlarynyň üpjünçiliginde hem häli-şindi bökdençlikler ýüze çykýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýyllarboýy ýurduň dürli sebitlerinde ekerançylyk suwlarynyň ýetmezçilik edýändigini habar berýärler.

BMG-niň Azyk we oba hojalyk boýunça edarasy 2021-nji ýylda çap eden hasabatynda Türkmenistanyň suw serişdelerine agram düşýändigini duýdurdy. Düýbi Waşingtonda ýerleşýän Bütindünýä resurslary instituty (World Resources Institute) 2019-njy ýyldaky hasabatynda Türkmenistany dünýäde suw serişdelerine iň köp agram düşýän 17 ýurduň hataryna goşdy.

Türkmen hökümeti ýurtda suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak babatda möhüm işleriň alnyp barylýandygyny aýdýar.

Bu aralykda, howanyň üýtgemegi şertlerinde suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyna bagyşlanyp, 22-nji aprelde Aşgabatda geçirilen halkara maslahatda türkmen resmileri 'suw meseleleriniň halkara hyzmatdaşlygyny talap edýändigini’ nygtady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG