Köneürgenç etrabynda protestçiler polisiýa bilen çaknyşdy
Geçen hepdäniň aýagynda Daşogzuň Köneürgenç etrabynyň iki sany daýhan birleşiginde degişlilikde arzan bahadan satylýan subsidirlenen önümleriň eýýäm ençeme aý bäri goýberilmeýändigine garşy protest geçirildi. Bu barada ilkinji bolup habar beren “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň maglumatyna görä, nägilelik çäresine 100-den hem aşa ýaşaýjy gatnaşypdyr. Bu wakany tassyklatmagy başaran Azatlygyň habarçysy protestçiler bilen sebite gelen polisiýanyň arasynda ýakalaşygyň bolandygyny, 15 töweregi adamyň hem saklanandygyny anyklady.