Türkmen režiminiň tankytçysynyň ejesini haj zyýaratyna goýbermediler, ýene-de
Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurduň awtoritar dolandyryşyna tankydy garaýan raýatyň 73 ýaşly ejesini Umra hajyny berjaý etmek üçin ýene-de ýurtdan çykarmadylar. Häzir Türkiýede ýaşaýan 50 ýaşlarynyň töweregindäki Hamida Babajanowa türkmen resmileriniň onuň ejesine ‘gaýdyp bu sorag bilen gelmezlik’ barada haýbat atandyklaryny aýdýar. Bu barada “Türkmen Helsinki Fondy” (THF) 24-nji aprelde habar berdi.