Internet aragatnaşygyny berk gözegçilikde saklaýan Türkmenistanda ICQ messenjeri petiklendi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Balkan we Mary welaýatlaryndaky hem-de Aşgabat şäherindäki habarçylary maglumat berýärler. Şol bir wagtda, häkimiýetler raýatlaryň Internet mümkinçiliklerini çäklendirmegi, şol sanda VPN hyzmatlaryna garşy göreşmegi dowam etdirýärler.
ICQ messenjeri günbatar Balkan welaýatynda 27-nji aprelden başlap, elýetersiz boldy. Ýerli ýaşaýjylar bu goşundydan peýdalanmak üçin, mundan beýläk, VPN ulanmaly bolýarlar.
Azatlyk Radiosynyň Mary welaýatyndaky habarçysy 28-nji aprelde iberen maglumatynda ICQ messenjeriniň sebitde iki gün bäri işlemeýändigini aýtdy.
Bu messenjer Türkmenistanda ulanyjylara VPN-siz elýeterli bolan örän az sanly aragatnaşyk tilsimleriniň biridi.
“Adamlar ýene-de IMO messenjeri bilen oňşuk etmeli boldular. Bu messenjer öňküsi ýaly VPN-siz işleýär” diýip, Mary şäheriniň bir ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.
Türkmen häkimiýetleri ilatyň Internet elýeterliligini berk gözegçilikde saklaýarlar, ýüzlerçe müň web sahypasy, şol sanda köp sanly maglumat çeşmeleri, iri sosial torlar we messenjerler ýurduň çäginde petikli galýar. Raýatlar ýapyk saýtlara girmek üçin VPN hyzmatlaryndan peýdalanmaly bolýarlar. Ýöne häkimiýetler VPN hyzmatlaryna garşy alyp barýan göreşini yzygiderli dowam etdirýärler.
“Türkmenbaşy şäherinde soňky bir hepdäniň dowamynda öý Interneti arkaly VPN indirendikleri anyklanan 50-den gowrak müşderiniň öý interneti kesildi” diýip, ýagdaýdan habarly çeşme Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Türkmenistanly Internet ulanyjylary soňky wagtlarda ilata petiksiz elýeterli bolan ICQ messenjeriniň adamlaryň arasynda Internet petigini böwüsmek bilen bagly maglumatlary paýlaşmakda peýdaly bolandygyny, ýöne bu mümkinçilikleriň hem indi giderilendigini aýdýarlar.
“Soňky günlerde ICQ messenjeri arkaly VPN söwdasy güýçlenipdi” diýip, balkanly bir ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Türkmenistanda akylly telefonlara VPN gurnamak hyzmatlary we VPN söwdasy tas özbaşyna bir hyzmat ugruna öwrüldi. Häkimiýetler VPN gurnamak hyzmatlaryny hödürleýän telefon ussalaryny wagtal-wagtal nyşana alýar.
Azatlygyň Balkan welaýatyndaky habarçysy ICQ messenjeri bilen bir hatarda “Psiphon”, “Dark Tunnel VPN”, “TLS Tunnel VPN”, “HTTP Custom VPN”, “HTTP Injector VPN” ýaly VPN ulgamlarynyň hem işlemegi bes edendigini habar berýär.
“ICQ messenjeri merkezden doly petiklendi” diýip, Azatlyk Radiosynyň çeşmesi aýdýar.
Mary welaýatynda habarçymyz bilen gürrüňdeş bolan birnäçe ulanyjy ICQ messenjeriniň özleriniň beýleki amatlyklar bilen bir hatarda söwda işlerini mahabatlandyrmaga-da ýardam berendigini aýdýarlar.
“ICQ messenjeri soňky döwürlerde adamlaryň, hususan-da ýaşlaryň iň köp ulanýan goşundylarynyň birine öwrülipdi. Adamlar bu ulgamyň üsti bilen söwda-satyk bilen hem meşgullanýardy. Adamlar özara pikir alyşýardylar, tanyş, nätanyş adamlar bilen özlerini gyzyklandyrýan temalar boýunça gürrüňdeşlikleri geçirýärdiler. ICQ adamlar üçin mahabat mümkinçiliklerini hödürleýärdi, gyzykly kitaplar barada, ýa-da durmuşda bolan wakalar barada gürrüňler gozgalýardy” diýip, bir maryly ulanyjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Bu aralykda, bu makala efir üçin taýýarlanýan mahaly, Azatlyk Radiosynyň Aşgabat şäherindäki habarçysy ICQ messenjeriniň Aşgabatda 28-nji aprelde takmynan günüň ikinji ýarymynda işlemegi bes edendigini habar berdi.
Türkmenistanda Facebook, Twitter, Instagram, Odnoklassniki, Vkontakte we YouTube ýaly sosial platformalar ýyllarboýy petikli saklanýar. Galyberse-de, ýurduň çäginde WhatsApp, Telegram we Viber ýaly messenjerler hem işlemeýär.
2021-2022-nji ýyllar aralygynda geçirilen barlaglar Türkmenistanda 122 müňden gowrak Internet domen adynyň petikli saklanýandygynyň üstüni açdy.
Daşarky dünýäden üzňe galýan türkmen raýatlary özleriniň azat maglumat almak hukuklaryndan, erkin Internet ulanmak mümkinçiliklerinden mahrum edilýärler.
Häkimiýetler Internet çäklendirmelerini wagtal-wagtal jemgyýetde asudalygy we durnuklylygy saklamaga gönükdirilen tagallalar hökmünde düşündirmäge ýykgyn edýärler.
Bu aralykda, türkmen hökümeti global Internet toruna bagly bolmadyk Milli sanly toruny işläp düzmek planlaryny yglan etdi.
ICQ messenjeri mundan ozal, 2023-nji ýylyň ýanwar aýynyň ortalarynda hem ulanyjylara elýetersiz bolupdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum