Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen topragyndaky taryhy tapyndylar ‘gadymy geçmişiň ýaňyny ýatladýar’


Merwde ýerleşýän gadymy Goňurdepe galasynda arheologik gazuw-agtaryş işleri alnyp barylýar. Arhiw suraty
Merwde ýerleşýän gadymy Goňurdepe galasynda arheologik gazuw-agtaryş işleri alnyp barylýar. Arhiw suraty

Dünýä Türkmenleriniň nobatdaky sany Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän taryhy we medeni ýadygärliklere we arheologik gözleglere nazar aýlaýar.

Türkmenistanda taryhy we medeni ýadygärlikleri öwrenmek, olary gorap saklamak ugrunda tagalla edilýändigi aýdylýar.

Häzirki wagtda ýurt boýunça 1400-den gowrak taryhy we medeni desga döwlet tarapyndan hasaba alnypdyr.

Döwlet metbugatyna görä, Türkmenistan “açyk asmanyň astyndaky muzeý” hökmünde suratlandyrylýar.

Şol bir wagtda, taryhy desgalary rejeli saklamak babatda halkara hyzmatdaşlygy ýola goýulýar.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň “Medeni mirasy gorap saklamak üçin Ilçiniň gaznasy” atly halkara maksatnamasy şu wagta çenli Türkmenistanyň çäginde ençeme taryhy we medeni ýadygärlikleriň dikeldiş we rejeleýiş işlerini maliýeleşdirdi.

Dünýä Türkmenleriniň nobatdaky sany Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän taryhy we medeni ýadygärliklere we arheologik gözleglere nazar aýlaýar.

Türkmen topragyndaky taryhy tapyndylar ‘gadymy geçmişiň ýaňyny ýatladýar’
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

Forum

XS
SM
MD
LG