Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda maşgalanyň öz öýünde öldürilmegine degişli täze maglumatlar belli boldy


Aşgabat (illýustrasiýa suraty)
Aşgabat (illýustrasiýa suraty)

15-nji martda Aşgabatda öz öýünde öldürilen bir maşgalanyň öňem hüjüme sezewar bolandygy, olary öldürmekde günäli tapylanlaryň biriniň pida tarapyndan bejeriş işleri üçin hakyna tutulandygy belli boldy. Azatlyk Radiosyna soňky jikme-jiklikler barada ýagdaýdan ygtybarly çeşmeler habar berdi.

15-nji martda Aşgabadyň Bitaraplyk şaýoly (öňki "Gogol" köçesi) bilen Hoja Ahmet Ýasawy (öňki "Griboýedowa") köçesiniň çatrygyna golaý ýerleşýän bir köpgatly ýaşaýyş jaýynyň birinji gatynda bolup geçen ganly wakada üç adamdan ybarat tutuş maşgala heläk edildi. Azatlygyň habarçylary är-aýaly we olaryň 11 ýaşly ogluny öldürmekde güman edilenleriň tussag edilendigini habar beripdi.

7-nji aprelde Azatlyga wakanyň täze jikme-jiklikleri mälim boldy. Ýagdaý bilen gönüden-göni tanyş çeşmeleriň habar bermegine görä, hüjümçiler adam öldürmekden bir hepde öň kwartira girmäge synanyşypdyrlar. Çeşme Aşgabatdaky protokol köçelerinde aşaky gatlarda penjirelere gorag üçin demir gözenekleri gurmaga rugsat berilmeýändigini belleýär.

"Olar ilkinji gezek 7-nji martdan 8-nji marta geçýän gije jaýa girmäge synanyşdylar" - diýip çeşme aýtdy. Onuň sözlerine görä, hüjümçiler ozal bu kwartirada işläpdirler, öý eýesi olary kanalizasiýa işlerini berjaý etmek üçin hakyna tutupdyr.

"Öldürenleriň biri kanalizasiýany bejermek işi üçin öz eýesi tarapyndan "zähmet bazarynda" hakyna tutulypdy. Beýleki biri bolsa, birinjisi bilen kireýine alnan kwartirada bile ýaşaýardy. Hüjüm wagtynda goňşular itiň üýrýändigini, çaganyň elhenç gygyrýandygyny eşidip, polisiýa jaň etdiler" - diýip çeşme gürrüň berdi.

Şeýle-de çeşme, bolup geçen wakalar barada goşmaça maglumatlary berdi: "Hüjümçileriň ikisi-de ejiz we göwresi kiçi görünýärdi. Olar adam öldürenlerinden soň, çyrany ýakyp, ganly eşiklerini çykardylar we öldürilen öý eýesiniň geýimlerini geýdiler. Iki telefony ogurladylar. Olary täze sim-kartalary çatanlaryndan soň tapdylar. Sud türkmen dilinde geçirildi. Ikisine-de 25 ýyl berildi, başdaky 5 ýyly Owadan-Depe türmesinde. Öldürenleriň biri ozal hem türmede oturyp çykypdyr. Olaryň ýaşaýan kwartirasynyň eýesine 8 ýyl berildi" diýip çeşme 7 aprelde gürrüň berdi.

Mundan öň habarçylaryň kanun goraýjy edaralardaky çeşmä salgylanyp, beren maglumatlaryna görä, hüjümçiler maşgala başynyň kellesine 14 pyçak urupdyr, aýaly dokuz gezek pyçaklapdyr, 11 ýaşly oglany bolsa ýedi gezek ýaralap heläk edipdir. Maşgala degişli it hem öldürildi. Jenaýatda güman edilenler jenaýatyň bolan ýeriniň golaýyndaky "Ak tam" bazarynyň töwereginde tussag edildi.

Ozal habar berilişi ýaly, deslapky maglumatlarda hüjümçileriň paýtagta iş üçin baran Daşoguz welaýatyndan (1996-njy ýylda doglan) we Lebap welaýatdan (1998-nji ýylda doglan) adamlar bolup, olaryň abatlaýyş işleri bilen meşgullanandygy aýdylypdy. Azatlygyň çeşmelerine görä, jenaýatyň öň ýanynda jenaýat etmekde aýyplananlar pidalaryň öýünde abatlaýyş işlerini geçiripdirler we bir wersiýa görä, edilen işler üçin tölenen puluň mukdaryny az görüpdir.

Azatlyk bilen 7-nji aprelde adynyň aýdylmazlygy şerti bilen gürleşen çeşmäniň habaryna görä, maşgala agzalarynyň jaýlanmagynyň çykdajylaryny "Aşgabat" myhmanhanasy töläpdir. Merhum bu myhmanhanadaky kafede menejer bolup işläpdir.

Öň ölen maşgalanyň üç günden soň jaýlanandygy habar beripdi. “Ölenleriň jesetleri 18-nji martda morgdan berildi we şol gün jaýlandy. Ol adamyň ýüzünde pyçak yzlary bardy. Şeýle wagşyçylykdan tutuş şäher gorky astynda" - diýip çeşmeleriň biri habar beripdi.

Azatlygyň habarçylaryndan biri paýtagtda bolan bu pajygaly ýagdaý barada 16-njy martda habar beripdi, emma onuň jikme-jiklikleri bir hepde töweregi wagtdan soň diňe 21-nji martda aýdyňlaşdyrylypdy.

Ganly ýagdaý baradaky habar ilat arasynda tizden-tiz ýaýrady, ýöne döwlet metbugaty bu barada habar bermedi.

Türkmenistanda talaňçylyk we adam öldürmek ýaly jenaýatlar yzygiderli ýüze çykýar, emma Içeri işler ministrligi ýurtda jenaýatyň derejesi we adamlary agyr jenaýatlara iterýän sebäpler barada maglumat çap etmeýär. Ýurduň metbugaty hem jenaýat wakalaryny beýan etmeýär.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG