“Her molla öz bilenini okar”. Häkimiýetler döwlet bilen ilteşigi bolmadyk mollalara basyş edýär
Türkmenistanda häkimiýetleriň Yslama uýýanlaryň dini däp-dessurlary bilen bagly basyşlaryny güýçlendirmegi netijesinde, märekede aýat-doga okaýan mollalar ilatyň bu baradaky haýyşlaryndan ýüz öwürip başladylar. Şol bir wagtda, döwletiň garamagyndaky metjitlerdäki dini işgärleriň raýatlaryň sadakasyny sowmak üçin soraýan “aklygynyň” aglaba ilatyň güýç ýeterinden has köpdügi bellenilýär.