Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainlar Bahmutda has köp rus hüjümini yza serpikdirýär, ruslaryň gündogardaky hüjümi parahat ilaty öldürýär


Ukrain esgerleri minomýot bilen ot açýar. Bahmut ş. 16-njy mart, 2023 ý.
Ukrain esgerleri minomýot bilen ot açýar. Bahmut ş. 16-njy mart, 2023 ý.

Ukrain söweşijileri gündogar Donetsk sebitiniň Bahmut şäherinde we töwereginde täze hüjüm tolkunlaryny yza serpikdirdi diýip, Kiýew goşuny 17-nji martda irden aýtdy. Bu aralykda, ruslaryň ilatly nokatlary topa tutmagy parahat ukrain ilatynyň hatarynda pidalara getirýär.

Günorta sebitiň harby administrasiýasyna görä, Herson şäheri ýene agyr rus hüjümlerine sezewar boldy.

Donetsk sebitiniň häkimi Pawlo Kirilenko soňky bir günüň içinde iki adamyň öldürilendigini we sekiz adamyň ýaralanandygyny aýtdy.

“16-njy martda ruslar Donetsk sebitiniň iki ýaşaýjysyny öldüridi: Toretskde we Krasnohoriwka obasynda. Sebitde başga-da sekiz adam ýaralandy” diýip, Kirilenko Telegramda ýazdy.

Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň Baş ştaby rus goşunlarynyň gündogar Ukrainadaky front çyzygynyň ugrunda soňky bir günüň içinde 70 sany hüjüm amala aşyrandyklaryny aýtdy, hüjümler harabaçylyga öwrülen Bahmut şäherine gönükdirilýär. Bahmut noýabrdan başlap, gyş aýlarynda üznüksiz dowam eden dartgynly rus hüjümleriniň baş nyşanasy boldy.

Rus güýçleri, Bahmutdan daşary, Donetsk sebitiniň Liman, Awdiýewka, Marinka we Şahtarsk sebitlerinde hüjüm hereketlerine girişdi diýip, ukrain goşuny aýtdy.

Rus güýçleri bäş raketa hüjümi we 18 howa hüjümi bilen zarba urdy hem-de onlarça raketa ulgamlary hüjümlerini amala aşyrdy.

Agyr rus hüjümleri Donetsk sebitiniň Kostýantiniwka ilatly nokadynda alty asuda raýaty ýaralady hem-de onlarça öýe we raýat infrastrukturalaryna zyýan ýetirdi diýip, harbylar aýtdy.

Günorta Herson şäheri 24 sagatda 13 gezek topa tutuldy diýip, sebitiň harby häkimi Oleksandr Prokudin 17-nji martda irden aýtdy. Bir adam ýaralandy. Prokudin tutuş Herson sebitiniň esasan “Grad” raketa atyjy ulgamlar tarapyndan atylan 76 hüjüme sezewar bolandygyny aýtdy.

Ukrain güýçleri Dnepr derýasynyň sag tarapyndaky Herson şäherini noýabr aýynda azat etdi we rus güýçlerini derýanyň çep tarapyna çekilmäge mejbur etdi.

Rus güýçleri şondan bäri Herson şäherini we sebitiň ukrain gözegçiligindäki beýleki ýerlerini yzygiderli topa tutýarlar. Bu hüjümler asuda ilaty öldürýär, ýaralaýar, energiýa infrastrukturalaryna yzly-yzyna zyýan ýetirýär we gyşa aýlarynda bir topar ýer toksuz galdy.

Ukrainada giň gerimli çozuş başlanaly bäri, Russiýa asuda ilatyň nyşana alynmagyny erjellik bilen ret edip gelýär, ýogsa munuň şeýledigini görkezýän bir topar subutnama bar.

Diplomatik front barada aýdylandy, Ukrainanyň daşary işler ministri Dmitri Kuleba Ukrainanyň ýaranlaryny ýarag ibermek işlerini çaltlandyrmaga çagyrdy we gijikdirmeleriň söweş meýdanyndaky adam pidalary bilen ölçelýändigini duýdurdy.

“Eger bir sargyt bir gün gijä galsa, bu front çyzygynda şol gün kimdir biriniň öljekdigini aňladýar” diýip, Kuleba Kiýewde BBC kanalyna beren interwýusynda aýtdy.

Ol Ukrainanyň mätäç günde ýardam berenleri we ýardam bermedikleri ýatdan çykarmajakdygyny aýdyp, sözüniň üstüni ýetirdi.

“Uruş adamyň saýlamaly pursaty bolup durýar. We her bir saýlaw hasaba alynýar” diýip, Kuleba aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG