Türkmenistanda bir sagatda “67 million ulagyň çykarýan zyňyndylaryna deň” metan howa syzdy
Türkmenistanyň Hazar kenarynyň golaýynda we möhüm geçirijide bir sagadyň dowamynda syzyp çykan zyýanly metan gazynyň möçberi 67 million ulagyň çykarýan zyňyndylaryna deň boldy. Bu barada “The Guardian” neşirinde çykan maglumatda bellenilýär. Türkmen häkimiýetleriniň ýurduň metan zyňyndylaryny azaltmaga aýratyn üns berýändigini ynandyrmaga çalyşýan pursady, halkara ekspertleri eýýäm ençeme ýyl bäri Türkmenistandan syzyp çykýan uly mukdardaky bu gazyň tutuş dünýädäki klimata juda ýaramaz täsir ýetirýändigini duýduryp gelýärler.