Köp çagaly enelerden döwlet sylaglaryny satmajakdyklary barada dilhaty alynýar
Balkan welaýatynda şu ýyl “Ene mähri” diýen hormatly ada hödürlenjek aýallardan ýörite dilhaty alynýar. Olardan döwlet tarapyndan sowgat berlen altyn zynjyrlary we ordenleri, şeýle hem beýleki gymmatbaha sowgatlary satmajakdyklaryna kepil geçmek talap edilýär. Häkimiýetleriň bu çärelerine, bu ada mynasyp bolan käbir eneleriň altyn zynjyrlaryny we ordenlerini satmagy hem-de olaryň türme tussaglygyna höküm edilmegi sebäp bolupdyr. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy 21-nji fewralda maglumat berdi.