Türkiýede on müňlerçe adamyň ölümine sebäp bolan iň güýçli ýertitremeden soň, Rejep Taýyp Erdoganyň hökümeti ýowuz tankytlara sebäp boldy. Şeýle-de bolsa, prezident milleti agzybirlige hem bitewilige çagyrýar we sosial ulgamlary ýapdyrýar. Prezidentler eýsem tebigy betbagtçylyklar döwründe-de syýasy utuş gazanmaga çalyşýarlarmy?
Türkiýede hem Siriýada bolan ýertitremede ýogalanlaryň sany 45 müňden geçdi. Güýji 7,8 magnitudada bolan ýertitremäniň netijelerini aradan aýyrmaga 60-dan gowrak ýurt gatnaşdy. Geçmişde Ankara bilen dawasy bolan Ermenistan bilen Gresiýa hem halas edijilerini weýran bolan şäherlere iberdiler.
2016-njy ýylda döwlet agdarylyşygyna synanyşyk bolanynda, Türkiýäniň prezidenti öz halkyna mobil telefon we sosial ulgamlar arkaly ýüzlendi. Ýakynda bolan ýertitremeden soň, Ankara sosial ulgamlara, şol sanda TikTok we Instagrama girmegi çäklendirdi. Türkiýede birnäçe wagtlap Twitter hem ýapyldy. Sosial ulgamlara çäklendirme girmek häkimiýetlere garşy "tankydy pikirleriň" gün-günden köpelýän wagtyndan soň başlandy. 8-nji fewralda köp adamlar öwrümli serwerlerden peýdalanyp, internete girmäge mejbur boldy. Soňra sosial ulgamlary baglamak azaldy.
Häzir Türkiýede ýertitremäniň netijelerini beýan eden habarçylar soraga çekilýär. Baş prokuratura žurnalistler Merdan Ýanardaga we Anwer Aýsewere garşy jenaýat işini açyp, häkimiýetleri tankyt eden ol adamlary “ýigrenji we duşmançylygy oýarmakda” aýyplaýarlar. Sorag-jogap işleri boýunça ýene bir aýyplanýan syýasy bilermen Ozgun Emre Koç bolup durýar.
Türk häkimiýetleri 9-njy fewralda "adamlaryň arasynda howsala we gorky döretmek" boýunça 274 faktyň üstüniň açylandygyny aýtdylar. Şunuň bilen baglanyşykda, onlarça adam tussag edildi, birnäçe adam saklandy.
ERDOGANYŇ BEÝANATY WE ONY TANKYTLAÝJYLAR
Şol wagtyň özünde, Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan Twitter arkaly ilata ýüzlenip, milleti agzybirlige çagyrýar.
Prezident Erdogan ýertitremeden soňky internetdäki käbir postlarynda şeýle diýýär.
“Ýurduň we milletiň bitewi birligi we deňligi esasynda, Alla halasa bu peläketli günleri geçjegimize ynanýaryn. Bir ýürek, bir bilek [el] bolmaly günümizdir...”
“Millet hökmündäki taryhymyzda iň uly betbagtçylyklaryň biri bilen ýüzbe-ýüz bolýarys. Ýüregimizdäki şol ody-da söndürmegi karar etdik.
Agzybirligimizi we deňligimizi şeýle bir güýçli derejede saklalyň. Allanyň razylygy bilen bu betbagtçylygy ýeňeris...”
“Biz her bir kynçylykdan soň ýeňillikleriň geljegine ynanýan milletdiris. Biz şu kyn günleri bile çekeris” diýip, Erdogan ýazdy.
Garşydaşlary prezident Erdoganyň sözlerini "ýokary äheňli" saýyp, saýlawlaryň öň ýanynda "abraý gazanmak" hasaplaýarlar.
Oppozisiýa häkimiýetler dogry hereket eden bolsalar, agyr ýitgilerden gaça durup bolardy diýen pikiri öňe sürýär.
Geljek prezidentlik saýlawlarynda mümkin bolan dalaşgärleriň biri, oppozisiýadaky Respublikan Halk partiýasynyň lideri Kemal Kylyçdaroglu betbagtçylyk bolan ýerlerde gören zatlaryna haýran galandygyny aýtdy. Ol Erdoganyň 20 ýyllyk dolandyryşyny göz öňünde tutup, muňa "asyryň betbagtçylygy" diýdi.
Gaýybana halda 27 ýyl türme tussaglygyna höküm edilen, häzir Germaniýada ýaşaýan türk žurnalisti Jan Dünder Erdoganyň "1999-njy ýylda bolan ýertitremäniň netijesinden peýdalanyp" häkimiýete gelendigini ýatladýar.
"Indi ol 2023-nji ýylda bolan ýertitremäniň harabaçylygynda öz häkimiýetde galjaga meňzeýär. Müňlerçe adamyň başyna ýeten ýertitremäniň harabaçylygynyň aşagynda galar" diýip, Jan Dünder ýazýar.
Izmitde bolan ýertitremeden soňra, Türkiýede "ýertitreme salgydy" girizilipdi. Ilkibaşda Ejewitiň hökümeti tarapyndan girizilen bu "wagtlaýyn" salgydyň möçberi soňra Erdoganyň hökümeti tarapyndan köpeldildi. Erdoganyň hökümeti 2018-nji ýylda saýlawçylary çekmek maksady bilen jaýlaryň bikanun gurluşygyna amnistiýa yglan etdi.
Erdoganyň özi soňky weýran ediji ýertitremäni atom bombasynyň partlamasy bilen deňeşdirýär hem weýran bolan jaýlaryň 98%-niň 1999-njy ýyldan öň gurlandygyny aýdýar. 14-nji fewralda ol garşydaşlaryny töhmetçilikde we ýer titremesinden syýasy bähbit gazanmakda aýyplady.
Mundan öňki güýçli ýertitreme Türkiýede 1999-njy ýylda bolupdy. Şonda 17 müň adam ýogaldy.
Şu ýyl Türkiýede prezident saýlawlary geçiriler. Ol kanuna laýyk möhletden bir aý öň, 14-nji maýda geçiriler. 20 ýyla golaý wagt häkimiýet başynda bolan Erdogan (2003-nji ýyldan bäri premýer ministr, soňra – prezident) şu ýylky saýlawa-da gatnaşmak isleýär. Ýertitremeden soňky beýanatlarynda, halk köpçüligini öz daşyna jemlenmäge çagyryp başlady.
Şonuň bilen birlikde, Erdogan belli derejede açyk, ol adatdan daşary ýagdaýy syýasatlaşdyrmazlygy haýyş edýär. Onuň koalisiýa ýarany, Milli hereket partiýasynyň lideri Dewlet Bahçeli prezidenti goldap, "Şu günki günde ýerliksiz polemika güýç harçlamagyň wagty däl" diýdi.
TÜRKIÝE WE MERKEZI AZIÝA: UMUMYLYKLAR
2020-nji ýylda Özbegistanyň Sardoba suw howdanynda gaçynyň böwsülmegi netijesinde, alty adam ýogaldy, 70 müňe golaý adamy göçürmeli boldy.
Sardoba suw howdany 2010-njy ýylda guruldy. Şol wagt häzirki prezident Şawkat Mirziýoýew premýer ministrdi.
Sardobanyň suwlary Özbegistan bilen serhetleşýän Gazagystanyň günortasyny hem öz içine alypdy. Prezident Mirziýoýew birnäçe gezek suw howdanyna we betbagtçylyga uçran ýerlere baryp gördi. Ýerli ýaşaýjylar bilen geçiren duşuşygynda, suw howdanynyň gurluşygynyň dogry karardygyny subut etmäge çalyşdy, öň şol ýerlerde suw ýetmezçiliginiň bolandygyny aýtdy. Ol täze jaýlary görkezip, birdenkä öz-özünden: "Haýyrsyz şer ýok" diýip, “bendiň ýykylmagy” netijesinde, ilatyň gowy şertlerde ýaşajakdygyny aýtdy.
"Biz täze şäher, täze etrap, täze köçeler we täze gülläp ösýän jaý toplumlaryny gurarys – bu gowy ahyryn. Siz rahat bolarsyň, menem rahat..." diýdi.
Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon soňky ýyllarda "geljek gyşyň agyr boljakdygyny" ýygy-ýygydan duýdurýar, emma adamlar iş ýüzünde öňüni alyş çärelerini görmeýärler. Täjigistanyň daglyk sebitlerindäki ilat tebigy betbagtçylykdan ejir çekýärler we ýitgileri başdan geçirýär.
2010-njy ýylda Gazagystanyň Almaty oblastynyň Gyzylagaş obasynda suw howdany böwsülip, azyndan 45 adam ýogaldy. Obany suw aldy, şol joşgundan soň, täze jaýlar guruldy.
30 ýyla golaý prezident wezipesini eýelän Nursoltan Nazarbaýew ol dikelenden soň, oba baryp gördi hem suw joşmagyndan ejir çekenlere bagyşlanan ýadygärligi açdy. Şol çärede ol adaty awtokrat ýolbaşça laýyk sözleri aýtdy. Obanyň ýaşaýjylarynyň aglabasynyň oralmanlar – başga ýerden göçüp gelen gazaklardygyny aýdyp, "entek özlerine Gazagystanda mynasyp orun gazanmadyklaryny" belledi.
Nazarbaýew öz çykyşynda "ykdysady kynçylyklara garamazdan, döwletiň olar üçin jaý gurandygyny unutmaly däldigini" adamlara ýatlatdy we “belki, adamlar şeýle jaýlarda ýaşarys diýip pikir eden däldirler” diýip, sözüne goşdy. Nazarbaýewiň pajygaly wakadan soň aýdan bu tekepbir beýanaty jemgyýetde seslenme döretdi.
Elbetde, Türkiýede bolan agyr weýrançylykly ýertitremäniň möçberini soňky döwürde Merkezi Aziýada bolan tebigy betbagtçylyklar bilen deňeşdirip bolmaz. Emma muňa garamazdan, ýurtlaryň ýolbaşçylarynyň şeýle betbagtçylyklar mahalynda eden beýanatlary olaryň hakyky ýagdaýa baha bermekden, juda uzakdadygyny görkezýär. Munuň bir sebäbi, belki-de, gaty uzak wagtlap häkimiýetde oturmagydyr.
Rejep Taýyp Erdoganyň reýtingi ýertitremeden öň aşaklap başlady. Oňa ykdysadyýetiň pese düşmegi we bahalaryň aşa ýokarlanmagy sebäp boldy. Emma geljekde saýlawlara gatnaşmaga gyzyklanan Erdogan ýertitremäniň netijelerini özüne iň gowy netije bilen ýeňmäge çalyşýar.
Türkiýede prezident 5 ýyl möhlet bilen saýlanýar. Bir adam iki möhletden artyk prezidentlige saýlanylyp bilinmez. 2017-nji ýylda Türkiýede Konstitusiýa üýtgetmeler girizmek boýunça referendum geçirildi, şoňa laýyklykda döwlet dolandyryşy parlament usulyndan, prezidentlik formasyna geçirildi.
Käbir maglumata görä, 14-nji maýda, Türkiýede prezident saýlawlary bilen bir wagtda, parlament saýlawlary-da geçiriler.
2023-nji ýylyň oktýabr aýynda, Türkiýe Respublikasynyň döredilenine 100 ýyl dolýar. Şeýle ähmiýetli senäniň we syýasy kampaniýanyň öňi syrasynda Erdoganyň öz maksadyna ýetmek üçin edýän hereketleri we beýanatlary onuň awtokratlar ýolunda baky bolandygyny görkezýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum