Türkiýede we Siriýada bolan ýer titremesiniň yzlary
Türkiýede we Siriýada bolan ýer titremeleriň netijesinde müňlerçe adam heläk boldy we ýaralandy.

1
Türkiýäniň günorta-gündogarynda ýerleşýän Diýarbakir şäherinde 2023-nji ýylyň 6-njy fewralynda bolan ýer titremede, diri galanlar gözlenýän wagtynda, bir ýaşaýjy başyny tutup otyr. Türkiýäniň günorta-gündogarynda Kahramanmaraş welaýatynda 7,4 bally ýer titreme boldy. Sarsgyn goňşy ýurtlarda-da duýuldy. Müňlerçe jaý ýykyldy.

2
Türkiýäniň Adana şäherinde köp gatly ýaşaýyş jaýynyň üçüsi doly ýykyldy. Suratda halas edijiler harabaçylyklaryň aşagyndan, şäheriň diri galan ýaşaýjylaryny çykarýarlar.

3
Seýsmologlar munuň Türkiýede soňky döwürde bolan iň weýran ediji ýer titremeleriň biri bolmagynyň mümkindigini belleýärler. Ýerasty sarsgyn birnäçe sebitlerde: Adanada, Ankarada, Antalýada, Gaziantepde, Kaýseride, Mersinde, Trabzonda, Urfada, şeýle hem Siriýada, Liwanda, Yrakda, Müsürde, Gresiýada, Kiprde, Ermenistanda we Ysraýylda duýuldy. Müňlerçe adam öldi. Siriýanyň Azaz şäherinde wideoýazgylardan alnan surat – halas ediji jaýyň harabaçylygynyň aşagynda galan çagany alyp barýar.

4
Siriýanyň Jandaris şäheriniň köçesinde.