Lebaply býujet işgärleri: Aýlyklar iş ýüzünde 10% däl-de, 7% ýokarlandy
Türkmenistanda şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan zähmet haklarynyň 10% ýokarlanmagy bilen, býujet işgärlerinden dürli maksatlar üçin tutulýan tutumlaryň möçberi hem artýar. Netijede, Lebap welaýatynyň dürli döwlet edaralarynda işleýän býujet işgärleriniň ençemesi aýlyk zähmet haklarynyň iş ýüzünde 10% däl-de, 7% ýokarlanandygyny aýdýar.