Russiýanyň premýer-ministri Mihail Mişustiniň 19-20-nji ýanwarda Türkmenistana etjek saparynyň çäginde Aşgabada gelen rus wekiliýeti türkmen paýtagtynda geçiriljek türkmen-rus işewürlik forumyna gatnaşar diýip, “Türkmenportal” rus mediasyna salgylanyp habar berýär.
Saparyň dowamynda russiýaly öndürijiler üçin «Russiýanyň söwda öýi» söwda we sergi meýdançasynyň açylyş dabarasy geçiriler.
Bu Mihail Mişustin Russiýanyň premýer-ministri hökmünde Türkmenistana ilkinji gezek gelşi bolar diýip, habarda bellenýär.