Ukrain goşuny 10-njy ýanwar güni irden özüniň öten agşam Russiýanyň anyk görkezilmedik pozisiýalaryna we uçara garşy raketa ulgamlaryna howa zarbalaryny urandygyny aýtdy. Bu zarbalar ýurduň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän kiçijik Soledar şäherinde barýan gazaply söweşleriň dowam edýän wagtynda uruldy. Rus goşunlarynyň soňky dört günüň dowamynda bu ýerde taktiki ilerleme edýändigi aýdyldy.
Şeýle-de, Ukrainanyň baş ştaby rus goşunynyň gündogar Donetsk sebitiniň birnäçe şäheriniň garşysyna, şol sanda Bahmut, Awdiýwka we Liman şäherlerine hüjüm edýändigini, Kupýan ugrundaky taktiki pozisiýasyny gowulaşdyrmaga çalyşýandygyny aýtdy.
Ukrain goşuny öz esgerleriniň iki sany duşman dronyny, pilotsyz uçarlary urup ýylandygyny hem habar berdi.
Azat Ýewropa/Azatlyk radiosy söweş meýdanynda bolýan wakalar we ýitgiler barada aýdylýanlary garaşsyz ýagdaýda tassyklap bilmeýär.
Ýöne britan aňtaw gullugynyň 10-njy ýanwarda beren gündelik hasabatynda aýdylmagyna görä, Russiýanyň "Soledar oky, ähtimal, golaýdaky Bahmut şäherini demirgazykdan gabap almak we ukrainalylaryň aragatnaşyk liniýalaryny kesmek üçin edilýän synanyşyk bolup görünýär”.
"Rus we [Wagnerçi hakyna tutma topar] güýçleri soňky dört günde" taryhy duz-magdan şäheri Soledaryň içine tarap "taktiki ilerleme etdiler” we “şäherçäniň köp bölegine gözegçilik edip biljege meňzeýär" diýip, britan aňtaw gullugynyň beren bahasynda aýdylýar.
Iki tarap hem bu sebitiň aşagynda ýeleşýän ulanylmaýan ötükleriň, Soledar käninden 200 kilometr aralyga uzaýan tunelleriň duşman tarapyndan ulanylmagyndan "alada galýana meňzeýär” diýip, iňlisler pikir edýär.
Ukrain goşuny mundan öň rus güýçleriniň golaýdaky has uly şäheri, Bahmuty alyp bilmän, söweşijilerini Donetsk sebitiniň demirgazyk-gündogar künjeginde ýerleşýän Soledaryň garşysyna geçirendigini aýdypdy.
Aňtaw hasabatynda aýdylmagyna görä, rus goşunlary hepdäniň aýagynda, Moskwa dini baýramçylyk sebäpli birtaraply ýaraşyga çagyranyndan soň, gaýtadan topar tutmaga başlady.
Donetsk sebitiniň gubernatory Pawlo Kirilenko 9-njy ýanwarda ukrain goşunlary Soledary elde saklamagy dowam etdirýär we rus goşunlarynyň şäheri ele geçirendigi barada berilýän habarlar “galp” diýdi.
"Soledar häzir iň gyzgyn nokat, bu ýerde hiç hili infrastruktura galmady, diňe berkitmeler we minalar bar" diýip, ol ukrain telewideniýesine aýtdy.
Ukrainanyň Goranmak ministriniň orunbasary Hanna Malýar duşmanyň Soledary ele almak üçin eden şowsuz synanyşygyndan soň "gaýtadan toparlanandygyny, taktikasyny üýtgedendigini we täze, has gazaply hüjüme başlandygyny" aýtdy.
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski ukrain güýçleriniň ýanbermezligi hüjüm tolkunlaryna garşy durmaga, ýurduň wagt utmagyna we güýç toplamagyna kömek etdi diýdi.
Russiýanyň Goranmak ministrligi 9-njy ýanwarda geçiren metbugat ýygnagynda Soledar ýa-da Bahmut barada hiç zat agzamady. Ministrlik ýygnakda bar ünsüni Kramatorskdaky hünärment mekdebine 7-nji ýanwarda edilendigini aýdýan rus hüjümine gönükdirdi. Russiýa bu ýerde köp sanly ukrain esgeriniň öldürendigini öňe sürdi.
Emma bu wakanyň bolandygy aýdylýan ýere baryp gören AP habarçylary ol ýerden gürrüňi edilýän uly hüjümiň hiç bir subutnamasyny tapyp bilmediler, ýerli resmiler bolsa olara bu ýerde hiç bir esgeriň öldürilmändigini aýtdylar.
Bahmut we Soledar gündogar Ukrainada, Putiniň anneksiýa edilendigini aýdýan Donetsk sebitinde ýerleşýär. Donetskini we oňa goňşulykda ýerleşýän Luhansk sebitini, bilelikde Donbas diýlip atlandyrylýan çägi ele geçirmek Putin üçin urşuň häzirki pursadynda esasy maksat bolup durýar diýip, synçylar aýdýarlar.
Forum