Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan türkmenleriniň bir wekili ýurtdaky türkmen ilatynyň durmuş şertleri barada gürrüň berýär


Illýustrasiýa suraty. Pakistan.
Illýustrasiýa suraty. Pakistan.

Dünýä Türkmenleriniň bu sany pakistan türkmenleriniň bir wekiliniň beren gürrüňleriniň esasynda, Pakistanyň türkmen ilaty bilen didarlaşýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Bosgunlar baradaky edarasynyň maglumatlaryna görä, Pakistanda 6 müň töweregi etniki türkmen ýaşaýar.

Pakistan türkmenleri köplenç halyçylyk bilen meşgullanýarlar. Şeýle-de, bu ýurtdaky türkmen ilatynyň aglaba bölegi Owganystandan göçüp baran türkmen bosgunlary bolup durýar. Olaryň köpüsi, ilki, 20-nji asyryň başlarynda, Türkmenistana abanan Bolşewik howpundan gaçyp, Owganystana barýarlar. Ýöne soňy bilen Owganystandan Pakistana göçmeli bolýarlar.

Dünýä Türkmenleriniň bu sany pakistan türkmenleriniň bir wekiliniň beren gürrüňleriniň esasynda, Pakistanyň türkmen ilaty bilen didarlaşýar.

3-nji ýanwarda pakistan türkmenleriniň bir wekili, Ysmaýyl Murat, Azatlyk Radiosy bilen telefon arkaly habarlaşyp, öz ýaşaýyş-durmuş şertleri barada, öz hal-ýagdaýlary barada dünýä türkmenlerine gürrüň bermek isleýändigini, dünýä türkmenleri bilen öz dertlerini paýlaşmak isleýändigini aýtdy.

Bu gepleşikde Ysmaýyl Muradyň Dünýä Türkmenlerine beren interwýusyny diňläp bilersiňiz. Ol öz interwýusynda pakistan türkmenleriniň ýaşaýyş-durmuş şertleri, däp-dessurlary, türkmen medeniýetine bolan teşneligi we ýüzbe-ýüz bolýan beýleki käbir meseleleri barada gürrüň berýär.

Pakistan türkmenleriniň bir wekili ýurtdaky türkmen ilatynyň durmuş şertleri barada gürrüň berýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

Forum

XS
SM
MD
LG