Dokuz ýyllyk türmä höküm edilen lukman Hursanaý Ismatullaýewa boşadyldy
Türkmenistandaky adalatsyzlyk we işden kowulandygy barada açyk çykyş edenden soň dokuz ýyl möhletli tussaglyga höküm edilen lukman Hursanaý Ismatullaýewa boşadyldy. Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň we çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, Ismatullaýewa Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilen günä geçişiň çäginde dekabr aýynda boşadylypdyr. Onuň azatlyga çykarylmagy baradaky maglumatlar, lukmanyň bikanun işden boşadylmagy bilen bagly ýagdaý barada habar beren turkmen.news neşiriniň çeşmeleri tarapyndan hem tassyklandy.