Pakistanyň nebit ministri Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň, taslamanyň maliýe meseleleriniň çözülmeginden soň, üç-dört ýylyň içinde tamamlanyp biljekdigini aýdýar. Bu barada “Türkmenistanyň hronikasy” Pakistanyň “The Nation” neşirine salgylanyp, habar berýär.
Pakistanyň nebit ministri Musadik Malik 18-nji noýabrda Yslamabadyň Strategiki barlaglar institutynyň energiýa meselelerine bagyşlap geçiren bir çäresinde sözlän sözünde TOPH taslamasy bilen bagly meýilnamalaryň işlenilip düzülendigini aýdypdyr.
Türkmenistanyň hökümeti köpýyllyklaryň dowamynda TOPH gaz geçiriji taslamasynyň durmuşa geçirilmegine gyzyklanma beýan edip gelýär.
Ýylda 33 miliard kub metr töweregi türkmen gazyny Günorta Aziýa ýurtlaryna ibermegi meýilleşdirýän uzynlygy 1 müň 800 kilometrden gowrak transmilli taslamanyň düýbi 2015-nji ýylyň dekabr aýynda tutuldy.
Taslamanyň umumy bahasy 8-10 milliard dollar aralygynda hasaplanylýar.
Eýsem, TOPH taslamasyny maliýeleşdirmek bilen bagly nähili meseleler bar? Pakistanly energetika resmisi “taslamanyň maliýe meseleleriniň çözülmeginden soňra, üç-dört ýylyň içinde tamamlanjakdygyny” aýtmak bilen, nämäni göz öňünde tutýar!?
Energetika meseleleri boýunça britaniýaly bilermen Jon Roberts 21-nji noýabrda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda pakistanly resminiň TOPH barada aýdanlaryna syn berdi.
“[Pakistanyň nebit ministriniň] aýdanlaryna sözme-söz düşünmeli bolýar. Tehniki taýdan seredilende, [taslamany durmuşa geçirmek üçin] maliýe bukjasy bolan bolsady, we Kabuldaky “Talyban” hökümetiniň goldaw berýändigini hem kabul edenimizde, gaz liniýasynyň gurluşygyny birnäçe ýylyň içinde tamamlamak mümkin. Sorag: “Siz [munuň üçin] maliýe bukjasyny alyp bilýärsiňizmi?”. Pakistanly resminiň öz çykyşynda maliýe bukjasynyň bolup bolmandygyny aýtmaýşy gyzykly. Aziýanyň ösüş banky köpýyllyklaryň dowamynda bu gaz geçiriji taslamasynyň maliýeleşdirilmegini gazanmaga synanyşyp gelýär. Ýöne halkara maliýe institutlary näbelli howpsyzlyk ýagdaýlary zerarly hem-de Hindistanyň bu taslama hakykatdan-da erjel gatnaşmaga isleg bildirip-bildirmeýändigi barada, Hindistanyň häzirki wagtda Türkmenistanyň gazyna bil baglamaga isleg bildirip-bildirmeýändigi babatynda bar bolan aladalar sebäpli şübheli çemeleşýärler” diýip, ekspert aýtdy.
Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçiriji taslamasynyň maliýe çykdajylarynyň 85 göterimini Türkmenistan, galan 15 göterimini Owganystan, Pakistan we Hindistan öz üstüne alýar.
Energiýa meseleleri boýunça bilermen Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde Türkmenistanyň bu taslama bilen bagly maliýe taýýarlygyny sorag astyna aldy:
“Maliýe meselelerini öz üstüňe almak diýmeklik, taslamany özüň maliýeleşdirmeli diýlen manyny aňlatmaýar. Bu ýagdaýda, häzirki wagtda türkmen hökümetiniň taslamanyň öz paýyna düşýän bölegini maliýeleşdirmek üçin puly barmy, ýa-da ol öz paýyny maliýeleşdirmek üçin karz almalymy?” diýip, ekspert aýtdy.
Türkmenistanyň hökümeti we “Türkmengaz” döwlet konserni transmilli taslamanyň maliýe meseleleri barada jemgyýetçiligiň öňünde resmi beýanat bilen çykyş etmeýär.
Pakistanyň nebit ministri Türkmenistana amala aşyran saparyndan iki aý töweregi soň TOPH-yň maliýe meseleleri barada köpçülikde çykyş etdi.
Ýatlasak, Musadik Malik 20-nji sentýabrda Aşgabada sapar edip, Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşdy. Türkmenistanyň döwlet metbugaty bu duşuşygyň jikme-jikliklerini aýdyňlaşdyrmady, ýöne taraplaryň TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berýändigini belledi.
Şol bir wagtda, TOPH taslamasyna gatnaşyjy taraplar onlarça ýyl bäri durnuksyzlykdan ejir çekip gelýän Owganystanyň üstünden geçmeli halkara taslamanyň howpsuzlyk meseleleriniň çözgüdi bilen bagly ýagdaýlary aýdyňlaşdyrmaýarlar.
Türkmen metbugaty soňky sapar 26-njy awgustda “TAPI Pipeline Company Limited” kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Muhammetmyrat Amanowyň “Talyban” ýolbaşçylygyndaky owgan hökümetiniň Içer işler ministrliginiň resmileri bilen taslamanyň howpsuzlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşandygyny habar berdi.
Bu maslahatyň öň ýany, Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow Pakistanda söwda-senagat resmileri bilen duşuşyp, türkmen tarapynyň TOPH taslamasy bilen bagly işleriň çaltlandyrylmagyna gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.
Biraz öň, iýunyň başlarynda Owganystanyň “Talyban” ýolbaşçylygyndaky hökümetiniň Dag magdanlary we nebit-gaz ministrliginiň metbugat sekretary Esmatullah Burhan taslamanyň owgan böleginiň gurluşygynyň dört aýyň içinde gaýtadan dikeldiljekdigini wada berdi. Ýöne geçen döwrüň dowamynda taslamanyň owgan böleginde gurluşyk işleriniň gaýtadan dikeldilip-dikeldilmändigi mälim bolmady.
Taslamanyň Owganystandan geçýän böleginiň gurluşygyna 2018-nji ýylyň fewralynda badalga berlendigi yglan edilen-de bolsa, geçen döwrüň dowamynda gurluşyk işlerinde uly öňe gidişlik gazanylmady.
Tebigy gaz gorlarynyň möçberi boýunça dünýäde dördünji orunda durýan Türkmenistanyň hökümeti häzirki wagtda daşary ýurt döwletlerine iberýän gazynyň agramly bölegini esasan diňe Hytaý ugry boýunça eksport edýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum