Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenbaşy arassaçylyk işlerini güýçlendirip, döwlet emeldarynyň saparyna taýýarlanýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde giň gerimli arassaçylyk işleri geçirilip başlandy. Bu işlere şäheriň jemagat hojalygy müdirliginiň işgärleri bilen bir hatarda, býujetçiler we talyplar çekilýär. Bu çäreler ýokary derejeli döwlet emeldarynyň, käbir maglumatlarda öňki prezident, häzir Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebite amal etmegi mümkin saparyna görülýän taýynlyklar bilen baglanyşykly.

Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy we çeşmesi esasy taýýarlyklaryň Awazadaky tokaý zolagynda, şeýle-de Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna we deňiz portuna ýanaşyk ýerlerde geçirilýändigini aýdýar.

"Deňiz kenarynyň golaýyndaky haşal otlar arassalanýar. Tokaý zolagyndaky baglara ideg etmek, guran baglary we arçalary aýyrmak, ýerine başga nahal ekmek işleri geçirilýär" diýip, ýagdaýdan habarly balkanly býujet işgäri anonimlik şertinde aýtdy.

Çeşmämiz mejbury arassaçylyk çärelerine býujet işgärleriniň we orta hünär mekdepleriniň talyplarynyň 2500-den gowragynyň gatnaşdyrylýandygyny belledi.

"Beýleki etraplardan jemagat hojalygy müdirliginiň işgärlerini ýatymlaýyn getirýärler" diýip, çeşmämiz sözüne goşdy.

Ýerli häkimiýetler arassaçylyk çäreleriniň sebäpleri barada düşündiriş bermeýärler. Ýöne habarçymyz we çeşmämiz, bu çäreleriň ýokary derejeli döwlet emeldarynyň, käbir maglumatlarda Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebite amal etmegi mümkin saparyna görülýän taýýarlyklar bilen baglanyşyklydygyny aýdýarlar.

"Uly Berdimuhamedowyň iş sapary bilen ýakyn günlerde Balkana gelmegine garaşylýar. Onuň bu saparyň dowamynda Türkmenbaşynyň deňiz portuna baryp görjekdigi, käbir etraplardaky oba hojalyk şertlerini öwrenjekdigi we Awazadaky myhmanhanalary gözden geçirjekdigi aýdylýar. Ýöne entek anyk resmi bir zat aýdylmaýar" diýip, çeşmämiz belledi.

Bu sapar we oňa görülýän taýýarlyklar barada, adatça bolşy ýaly, ne türkmen häkimiýetleri, ne-de media serişdeleri habar berýärler. Şol sebäpli bu saparyň amala aşjakdygy ýa aşmajakdygy, şeýle-de anyk kimiň ýa kimleriň sebite geljekdigi soňky pursada çenli nämälim bolup galýar. Azatlyk bu barada welaýat we şäher häkimliklerinden kommentariýa hem alyp bilmedi.

Türkmenistanda şeýle taýýarlyklar adatça döwlet baştutanynyň sebitlere etjek saparlarynyň öňüsyrasynda bolýar. Ýöne soňky aýlarda şeýle taýynlyklar Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebitlere saparlarynyň öňüsyrasynda hem bolup geçýär.

Ýokary derejeli döwlet emeldarynyň sebite amal etmegi mümkin saparynyň çäginde bag ekmek çäresine hem gatnaşmagyna garaşylýar. Habarçymyz bu çäräniň ýakynda Awazada ulanmaga berlen "Rowaç“ kottežler toplumynyň günorta-demirgazyk bölegindäki boş meýdanda geçiriljekdigini aýdýar. Bir wagtda 900-e golaý adamy kabul etmäge ukyply toplum awgustda ulanmaga berildi.

"Häzir bu meýdanda bag ekmek üçin ýerler taýýarlanýar. Bu işe dürli oba hojalyk tehnikalary we hususy ýük ulaglary çekilýär. Bular ýerleri taýýarlamak, tekizlemek, ekiljek bag nahallaryň düýbüni taýýarlamak üçin gije-gündiz işleýärler" diýip, býujet işgäri aýtdy.

Hususy ýük ulag eýeleriniň birnäçesi bu işler üçin özlerine töleg geçirilmeýändigini aýdyp, häkimlik resmileriniň basyşlary we haýbatlary sebäpli mugt işlemäge mejbur edilýändiklerini gürrüň berdi.

"Her ýük ulag eýesi 74 sagat mugt işläp bermeli" diýip, balkanly ýük ulag eýesi anonimlik şertinde aýtdy.

Bu ýerde 200 müň düýp bag nahalynyň ekilmegine garaşylýar. Habarçymyz daşary ýurtlardan getirilen bu bag nahallary üçin sebitiň býujet işgärleriniň her birinden 80 manat ýygnalandygyny hem aýdýar.

Bu aralykda, 14-nji noýabrda Türkmenbaşydaky hojalyk jaýlarynyň tas ählisinden çanak antennalary söküp aýyrmak işleri geçirilýär. Häkimligiň işgärleri bu ýaşaýjylara şäher IPTW hyzmatynyň hödürlenjekdigini wada berdiler.

Şuňa meňzeş taýýarlyklar geçen hepdäniň ahyrynda Mary welaýatynda hem geçirilip başlandy. Sebitde arassaçylyk çäreleri we gözegçilik güýçlendi. Habarçymyz bularyň prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýa-da onuň kakasy Gurbangulynyň sebite amal etmegi mümkin sapary bilen baglanyşyklydygyny aýtdylar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG