Hazar deňziniň kenarynda ölen düwlenleriň 100-den gowrak maslygy tapyldy diýip, Merkezi Aziýanyň ekologiýa barlaglary instituty 8-nji noýabrda habar berdi.
Düwlen jesetleriniň Hazar deňziniň kenarýaka böleginde, Bautino obasy bilen Şewçenko şäheriniň arasyndaky etrapda tapylandygy aýdylýar.
Hazar kenarynda köpçülikleýin ýagdaýda gyrlan düwlenler baradaky habar 7-nji noýabrda, sagat 19: 30-da gelip gowuşdy we Hazar düwlenlerini gorap saklamak baradaky merkeziň hünärmenleri wakanyň bolan ýerine gitdiler.
Häzir kenar ýakasynda gözleg, barlag işleri dowam etdirilýär, Mangistau sebitiniň häkimligi we Ekologiýa ministrliginiň Balykçylyk komiteti düwlen jesetlerini ýygnamak üçin işgär we ulag berdi.
Bu Hazar deňziniň kenarynda ölen düwlenleriň jesetleriniň ilkinji gezek tapylyşy däl.
Awgust aýynda ýerli “Lada.kz” neşiri Hazar kenarynda ölen düwlenleriň 64 sanysynyň tapylandygyny habar berdi.