Stambuldaky reýdler, sorag edişlikler we işsizlik. Türkmen migrantlarynyň durmuşy nähili üýtgedi?
Müňlerçe türkmen raýaty soňky birnäçe aýyň içinde Türkiýeden Türkmenistana gaýdyp geldi. Olaryň bir topary uly kynçylyklar bilen ençeme gezek konsullyga ýüz tutmak, uzak wagtlap uçarlara garaşmak arkaly, öýlerine dolanmagy başaran bolsa, beýleki bölegi agyr çykdajylary çekip, Türkmenistanyň daşary uçar gatnawlaryny bölekleýin dikeltmeginden soň üçünji bir ýurduň üsti bilen öýlerine bardylar. Türkmenistanyň raýatlarynyň ýene bir bölegi bolsa, ýurtlaryň arasynda wiza düzgüniniň girizilmegi netijesinde deportasiýa edildi. Adam hukuklary boýunça "Türkmen Helsinki Fondy" (THF), türkmen raýatlarynyň öz ýurduna baransoň ýüzbe-ýüz bolýan ýagdaýlary barada habar berýär.