Maryda býujet işgärlerinden 'pagta ýygymyna gitmeýändigi' barada dilhaty alynýar
Şu günler Türkmenistanyň dürli sebitlerinde pagta ýygymy möwsümi we munuň bilen baglylykda býujet işgärleriniň gowaça meýdanlaryna mejbury alnyp gidilmegi dowam edýär. Bu mejbury çäräniň arasynda, Mary welaýatynyň kanun goraýjy edaralarynyň işgärleri döwlet edara-kärhanalarynyň işgärlerinden "pagta ýygymyna gitmeýändigi" barada dilhaty alýarlar. Bu aralykda, häkimiýetler heniz pagta hasyly we gowaça çöpleri doly ýygylyp alynmadyk gowaça meýdanlarynda güýzlük bugdaý ekişine bat berýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berdi.